13-14-nji iýunda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň X mejlisi geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ençemesi girizildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Awstriýanyň telekeçiler toparlarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy; senagat, ulag, kommunikasiýalar; gurluşyk; saglygy goraýyş we derman senagaty; energetika we ekologiýa taslamalary; obasenagat toplumy; bank ulgamy; syýahatçylyk we medeniýet -- bähbitleriň utgaşdyrylmagynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet edarasy, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Toparyň mejlisine gabatlap telekeçilik forumyny guradylar. Oňa türkmenistanly we awstriýaly telekeçileriň ýüze golaý gatnaşdy. Forumda Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen türkmen telekeçilik birleşmesiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirilip, olaryň netijesi boýunça enjamlary hem-de harytlary satyn almak barada şertnamalar toplumyna gol çekildi.

Awstriýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilýeti waflileriň, kökeleriň we beýleki süýji-köke önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek üçin enjamlary öndürýän FHW Franz Haas Waffelmaschinen GmbH kompaniýasynyň zawodyna baryp gördi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky, XI mejlisini 2020-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek bellenildi.

www.turkmenistan.gov.tm