2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy.
Sergä türkmen alymlary we bilermenleri, talyplar, şeýle hem GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň oba hojalygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler, oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy boýunça ylmy işlerde gazanylan üstünlikler we olaryň esasy ugurlary hem-de Arkalaşygyň giňişliginde agrosenagat toplymynyň beýleki derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Şeýle hem sergä we Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde GDA-nyň simfonik orkestriniň konserti guraldy.


www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!