2020-nji ýylda Dubaýda (BAE) geçiriljek EKSPO Bütindünýä sergisi, munuň özi industriýalizasiýanyň nyşany hökmünde we tehniki-tehnologiki üstünlikleri açyp görkezmekde açyk meýdançadyr. EKSPO-2020 Ýakyn Gündogarda geçiriljek ilkinji Bütindünýä sergisi bolar. Sergi meýdanynyň ägi Dubaý bilen Abu-Dabiniň aralygynda 438 gektar ýeri eýelär. Ol 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli dowam eder. Ol ýerde milli pawilýonlaryň 190 sanysy hödürleniler. 1.BAE

Ýer eýeleri bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň pawilýonynyň taslamasyny meşhur ispan binagäri Santýago Kalatrawa ýerine ýetirer. Ol uçup barýan laçynyň ýaýylan ganatlaryny ýatladar. Sergi tamamlanandan soňra bu ýerde ýerli Çagalar bilim we ylmy-barlag merkezini gurmak meýilleşdirilýär.

2.Lýuksemburg
Lýuksemburgyň pawilýonyny gurmak üçin bäsleşikde Metaformyň binagärleri we «The Space Factory»-nyň sahna gurnaýjylary ýeňiş gazandylar. Pawilýonyň uly bölegini ýeriň aşagynda gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi «Sallançakdan sallançaga» diýlip atlandyrylýan galyndysyz önümçilik ýörelgesine laýyk geler.

3.Ispaniýa
Sergide Ispaniýanyň pawilýony 9 sany ýel berlen äpet ballonlaryň görnüşinde amala aşyrylar. Bu taslamany «Selgascano» we «FRPO» ýerine ýetirer. Bu gurnamany bir ýerden başga ýere aňsatlyk bilen göçürmek ýa-da howa üýtgän ýagdaýynda ony başga görnüşe geçirmek mümkinçiligi hem bolar.

4.Täze Zelandiýa
Täze Zelandiýanyň «Jasmax» býurosynyň binagärleri öz ýurtlarynyň pawilýonlarynyň üstünde işlänlerinde ony «Adamlara we ülkelere üns we hormat» şygary bilen häsiýetlendirdiler.

5.Awstriýa
Awstriýanyň pawilýonynyň taslamasyny «Querkraft» binagärlik býurosy ýerine ýetirer. Olar binada adamlary tebigy baýlyklara ünsli garamaga we energiýany öndürmekde täze mümkinçilikleri peýdalanmaga çagyrýan şygary gurnaýarlar. Pawilýonyň binasy çäge köşklerini ýadyňa salýar. Konus şekilli ýerine ýetirilen toplum palçykdan we çägedendir. Ony geljekde hiç bir zelelsiz tebigata gaýtaryp bolar.

6.Polşa
Polşanyň pawilýonynyň taslamasynyň awtorlary guşlaryň ýyly ülkelere uçup gitmeklerinden ylham alandyklaryny ykrar edýärler. Olar öz taslamalarynda ýurtlaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn medeni we durmuş aragatnaşyklaryny açyp görkezmek isläpdirler.

7.Beýik Britaniýa
Beýik Britaniýa üçin pawilýony suratkeş we dizaýner Es Dewlin işläp düzüpdir we ony «Poeziýanyň pawilýony» diýip atlandyrypdyr. Bina performatiw gurluş bilen enjamlaşdyrylyp, ol goşgy ýazmak üçin emeli intellekti ulanmaga mümkinçilik berer.

Materiýaly «www.24tv.ua» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA,
žurnalist.