2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2019» atly halkara sergisi öz işine başlady.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dokma ulgamynda gazanan ösüşlerini dünýä ýaýýan bu halkara sergä dünýäniň 60 döwletinden 3000-den gowrak daşary ýurt kompaniýalar we edaralar gatnaşýar.
Bu serginiň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdylar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň sergisi guraldy.
Serginiň çäklerinde türkmen wekiliýeti Messe Frankfurt sergiler kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegiň hem-de hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara sergisi öz işini şu ýylyň 11-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!