21.12.2018. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ýakyn we orta möhletli geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, innowasion ulgamy aýratyn belledi. Bu ulgam ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi bermelidir. Ilkinji nobatda, ylym we bilim, şeýle hem diňe bir tehnologiýalary çekmek babatda däl, eýsem, milli ylym-bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda halkara gatnaşyklar innowasiýalaryň çeşmesi bolup durýar.
Bu ugurlar Türkmenistanda akademiki düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän dürli forumlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, bu forumlaryň mowzugy yzygiderli giňelýär, oňa senagat kärhanalarynyň, durmuş ulgamy edaralarynyň, şol sanda saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki guramalaryň hojalyk işiniň barha täze meseleleri goşulýar. Milli Liderimiziň tutuş syýasaty ykdysady we durmuş meseleleriniň özara baglanyşygy hem-de bitewüligi esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň durmuşynyň ähli taraplarynyň tejribesinde öňdebaryjy dünýä tejribesini düýpli öwrenmäge hem-de özleşdirmäge çagyrýar.
Ýurdumyzyň hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym jemgyýetçiliginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň, ýaş hünärmenleriň öňünde goýýan wajyp wezipesidir.
Şu maksatlara ýetmekde döwletimiziň eýeleýän orny diňe bir ylym we bilim ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn üpjünçiligi, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga goýberilýän ägirt uly maýa serişdeleri bilen däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek, onuň gurallaryny döretmek bilen kesgitlenilýär. Şolaryň biri-de köpugurly maslahat-sergi işi bilen baglanyşyklydyr. Bu iş bolsa her bir çäräniň barşynda ýurdumyzyň, sebitiň hem-de tutuş dünýäniň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri görkezmäge, ösüşiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylyp, her ýyl Aşgabatda guralýan halkara maslahat hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iri ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli çäredir.
2018-nji ýylda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly foruma türkmen alymlaryndan, mugallymlardan hem-de ýaş ylmy öwrenijilerden başga-da dünýäniň 30-den gowrak ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Finlýandiýadan, Bolgariýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ylym we bilim ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi daşary ýurtly hem-de türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlaryny gün tertibine çykardy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, alymlaryň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilýän gepleşikler diňe bir ylmy ösdürmek üçin zerur bolmak bilen çäklenmän, eýsem, munuň özi tutuşlygyna ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmaga ýardam edýän ylmy diplomatiýanyň möhüm bölegidir.
Maslahatda edilen çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli ulgamlara — energetikadan başlap, ekologiýa çenli ähli ugurlara ornaşdyrmagyň usulyýet we amaly meselelerine bagyşlandy. Daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda nano-himiýa, kompýuter tehnologiýalary, täze serişdeleri işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiliginiň tehnologiýasy, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly wajyp ugurlar boýunça ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna aýratyn üns berildi.
Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bölümlerdäki mejlisler geçirildi. Şolarda maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygy, ekologiýa we biotehnologiýa, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat innowasion tehnologiýalary, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki ykdysady ýagdaýlar, hukuk, halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda syýahatçylyk ugry boýunça gatnaşyklar, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukmançylyk ylmy we derman serişdeleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşlarynda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň meseleleri öz beýanyny tapdy.
Alymlaryň özara gatnaşyklary dürli ýurtlarda ylmyň we tehnologiýalaryň ösdürilmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli medeniýetleriň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem bu pikir tassyklanyldy.
Türkmenistan öz geljegini bilimlere esaslanýan jemgyýetiň ösüşi hem-de ýokary tehnologiýaly ykdysadyýet bilen baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli durmuş-ykdysady wezipeleri hem-de ählumumy meseleleri, mysal üçin, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek üçin daşary ýurtlaryň ylym we bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär.
Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek hem Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu babatda hem halkara hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen ýörite sergide häzirki zaman lukmançylyk täzelikleri görkezildi.
“Saglyk — 2018” atly halkara sergä, onuň çäklerinde geçirilýän mowzuklaýyn ylmy maslahata hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça sebit binýadyny döretmek baradaky mejlise dünýäniň 40 ýurdundan saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda işleýän hünärmenler gatnaşdylar. Sergä gatnaşanlaryň hatarynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny hem-de sarp ediş serişdelerini öndürýän, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 240-sy, şol sanda Germaniýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Hindistandan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden kompaniýalar bar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diwarlyklarynda görkezilen, ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalar döwletimiziň lukmançylygynyň gazanan üstünlikleriniň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ulgamdaky tejribesini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň döreden ylmy işleri aýratyn orun eýeledi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, saglygy goraýyş ulgamynda düýpli işleriň awtory, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň milli nusgasyny döretdi. Munuň özi bolsa ata-babalarymyzyň parasatlylygyny we tejribesini hem-de dünýäniň bu babatdaky häzirki zaman ugurlaryny birleşdirdi.
Forumyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň onunjy jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikler baradaky köp jiltlik ensiklopediýanyň döredilmegi diňe bir milli dermançylyk ylmynyň däl, eýsem, tutuş dünýä derman senagaty ylmynyň ösüşinde möhüm ädim boldy.
Neşiriň amaly gymmatlygy onuň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de şu ugurdaky okuw mekdepleriniň talyplarynyň uly gyzyklanmasyny şertlendirdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär, çünki şonuň sahypalarynda ösümlikleriň melhemlik aýratynlyklarynyň, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň usullarynyň jikme-jik beýanyny tapmak bolýar.
Ýurdumyzyň şypahanalarynyň hem-de şypahana-bejeriş ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň diwarlyklary sergä daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi. Häzirki döwürde “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Mollagara”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap” we “Daşoguz” şypahanalary üpjünçiligi hem-de hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri babatda dünýädäki şypahanalardan birjik-de pes durmaýar. Dürli görnüşli tebigy şertler, mineral suwlaryň çeşmeleri, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler şypahana bejeriş-dynç alşyny, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin ajaýyp şertleri döredýär.
Sergi hünärmenlere iň täze keseli anyklaýyş we barlaghana enjamlarynyň dürli görnüşlerine, yzygiderli kämilleşdirilýän sarp ediş serişdelerine, lukmançylyk abzallaryna, derman senagatynyň önümlerine, ýörite mebellere, hassahana aragatnaşyk ulgamlaryna, arassaçylyk we kosmetiki maksatly önümleriň synag nusgalaryna hem-de beýleki harytlara baha bermäge giň mümkinçilikleri döretdi.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary — “Hospitalia international GmbH”, “Bionorica CE”, “Simens” (Germaniýa), “World Medicine Limited” (Beýik Britaniýa), “Ajanta Pharma” (Hindistan), “Gedeon Pichter” (Wengriýa), “Atkin” (Awstriýa) we beýlekiler bar.
Lukmançylyk tehnikasy we tehnologiýalary, derman senagaty ulgamyndaky innowasion teklipler hem-de dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullary halkara ylmy maslahatyň işiniň ugurlaryny kesgitledi. Maslahatda meşhur alymlar, kliniki we ylmy-barlag saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerini bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugurly oňyn syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu syýasat bolsa dünýä bileleşiginiň hem-de abraýly guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de beýlekileriň giň ykrarnamasyna mynasyp boldy. Ýurdumyz şol guramalar bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş hereketini ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda eziz Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän nesle aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, sagdyn, maksadaokgunly, işjeň ýaşlary terbiýelemek döwletimiziň hem-de milli Liderimiziň aýratyn üns berýän meselesidir. Bu ulgamda ýurdumyz tarapyndan oňyn tejribe hem-de peýdaly işläp taýýarlamalar toplanyldy. Biz şol tejribeleri hyzmatdaşlar bilen paýlaşmaga taýýardyrys.
Oktýabr aýynyň başynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazarýaka döwletleriň mekdep medeni-sport festiwaly şeýle özara gyzyklanma bildirilýän hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Bir hepdäniň dowamynda geçirilen çäre sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3x3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de küşt boýunça ýaryşlary birleşdirdi. Festiwala Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden — Dagystandan, Galmygystandan, Astrahan oblastyndan we beýlekilerden toparlar gatnaşdylar. Festiwala gatnaşyjylaryň 200-den gowragy kaşaň “Daýanç” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşdiler.
Sport ýaryşlarynyň barşynda mekdep okuwçylary diňe bir şahsy baýraklar üçin däl, eýsem, toparlaýyn birinjilikdäki baýraklar üçin hem bäsleşdiler. Mundan başga-da ýaş zehinler çeperçilik festiwalynyň çäklerinde öz köp taraply döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Şeýle hem ýaş myhmanlar üçin Türkmenistanyň taryhy we ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmak boýunça gyzykly medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilimiň we sportuň dünýäniň ösüşini kesgitleýän ileri tutulýan ugurlardygyny aýratyn belleýär. Döwlet Baştutanymyz milli hem-de döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň esasy şerti hökmünde bilim we sport ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, ýokary netijeler sportuny we tutuş Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara ölçeglere laýyk gelýän sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherjigi guruldy.
Türkmenistany dünýäniň okgunly ösýän, syýasy, ykdysady, medeni giňişlikde bäsdeşlige ukyply döwletleriniň birine öwürmek wezipesini öňde goýmak bilen, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga girişildi. Şu maksat bilen döwletimiz milli bilim ulgamyna ägirt uly serişdeleri gönükdirýär. Bilim ulgamynyň hilini we many-mazmunyny halkara ölçeglere kybap getirmek üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Umumybilim berýän orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalar gurulýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, okatmak işi yzygiderli sanly ulgama geçirilýär.
Biz döwlet syýasatymyzda bilimleriň derejesiniň we möçberiniň yzygiderli ösmegi bilen bagly ýagdaýlary hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýän halkara tejribäni nazara alýarys diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Bilim hem-de sport ulgamynda ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara we sebit düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygynyň we ykrar edýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz hemişe bilim we sport ugurlary boýunça köptaraply halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam ederis diýip, bu ulgamlary innowasion ösüş hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň gatnaşyklar ýoluna gönükdirýär.
Aşgabatda 13 — 14-nji noýabrda geçirilen “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat şu ýolda ýene-de bir möhüm ädim boldy.
Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýetleriň uly düzümi –dünýäniň otuz ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Ýemenden, Polşadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Mongoliýadan, Latwiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden daşary ýurtly myhmanlaryň ýüze golaýynyň bolmagy ýurdumyzyň bilimiň hem-de halkara sport hereketiniň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Forumyň maksady bu ulgamlarda ösüşiň wajyp ugurlary bilen tanyşdyrmakdan, döwrebap tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini we sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýetini gazanmaga ýardam edýän öňdebaryjy usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Onuň köpugurly sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ýokary netijeler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, okuw mekdeplerini döwrebaplaşdyrmak, okuw işine öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak baradaky konsepsiýasyny aýdyňlyk bilen görkezdi.
Bilim ministrliginiň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda iň täze barlaghana enjamlary, ýurdumyzda neşir edilýän ylmy we okuw-gollanma edebiýaty, ýörite maglumat gollanmalary, ensiklopediýalar, sözlükler, halkara talyplar olimpiadalarynyň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň kuboklary, medallary hem-de diplomlary we beýlekiler görkezildi. Şu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde hünär almagyň ugurlary we okatmagyň häzirki zaman usullary barada maslahatlary almaga mümkinçilik döredildi.
Türkmen talyplarynyň awtorlyk taslamalary: dürli binagärlik desgalarynyň şekilleri, Ýaş alymlaryň merkeziniň işläp taýýarlamalary giňden görkezildi. Ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň işleri hem uly gyzyklanma döretdi. Şol işler bolsa bilim ulgamyna maglumatlar tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Diwarlyklaryň onlarçasy daşary ýurtlaryň bilim kuwwatyny, şol sanda IT-tehnologiýalaryny, innowasion barlaghana enjamlaryny öndürýän esasy kompaniýalaryň önümlerini görkezdi. Kompýuter tehnikasynyň, programma üpjünçiliginiň täzelikleri, dürli görnüşli gajetler ýaşlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim merkezleriniň wekilleri, okuw edebiýatyny öndürijiler we distribýuterler bar.
Halkara gözden geçirilişde sport ulgamy Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny wagyz etmek bilen baglylykda görkezildi. Sergide öz önümlerini görkezenleriň hatarynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň esasy guramalary, ýörite enjamlary, gurallary hem-de lybaslary öndürijiler, şeýle hem dürli federasiýalar we klublar bar.
Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna aýratyn orun berildi. Bu halkara derejedäki ýaryşda dünýä rekordlarynyň 72-si goýuldy. Türkmen türgenleriniň dünýäniň abraýly ýaryşlarynda gazanan baýraklarynyň toplumy sergä gelenleriň ägirt uly gyzyklanmasyny döretdi. 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy döwletimiziň dünýäniň sport hereketini ösdürmäge goşan saldamly goşandynyň subutnamasydyr, şu ýylda bolsa Türkmenistan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini üstünlikli geçirdi.
Forumyň sergi meýdançasy gepleşikleri geçirmek, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüldi. Onuň umumy mejlisinde uniwersitetleriň, institutlaryň, ýörite orta okuw mekdepleriniň, sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleri alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de bilelikdäki ynsanperwer taslamalaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bölümlerdäki mejlisler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi. Foruma gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklary bilim hem-de sport ulgamlarynda giň gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi.
Forumyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle işewürlik çäreleriniň öňünde goýan esasy maksatlaryny ýerine ýetirendigini aýratyn bellemelidiris. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek hem-de pugtalandyrmak, häzirki zaman jemgyýetini ösdürmekde döwlet dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmyň we işewürligiň tagallalaryny birleşdirmek, ileri tutulýan milli maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmäge, tehnologiýalary hem-de içerki bazarda ylym bilen baglanyşykly önümleri ilerletmäge gönükdirilen innowasion taslamalary höweslendirmek we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen baglanyşyklydyr.
Geljek ýylda-da ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýaly işläp taýýarlamalar, sport ulgamlaryndan türkmen we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda halkara çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen täze wezipelerden ugur almak bilen, olaryň gün tertibine sanly ulgama geçmekdäki täzelikler bilen baglanyşykly meseleler hem-de Türkmenistanda we dünýäde tehnologiýalaryň ösüşiniň beýleki wajyp meseleleri giriziler.
Hut pudaklaýyn forumlaryň çäklerinde häkimiýetiň, ylmyň, işewürligiň wekilleri durmuşymyzyň dürli ugurlarynda sanly ulgama geçmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, anyk çözgütler we taslamalar barada pikir alşarlar. Olar ählumumy işlere gatnaşyjy hökmünde ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmek üçin giň möçberli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyna göz ýetirerler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle forumlaryň uly ähmiýetini belläp, olary halkara hyzmatdaşlygyň täze, wajyp gurallaryny döretmäge, iş ýüzünde tejribe alyşmaga, Türkmenistanda innowasion ösüş, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin öňdebaryjy ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary ilerletmäge hem-de ornaşdyrmaga ugrukdyrýar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!