2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howspuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi.
Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howspuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howspuzlygy merkezi tarapyndan gurnaldy.
Sergä Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri gatnaşdy hem-de Ilçihananyň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň azyk önümleriniň sergisi gurnaldy. Serginiň dowamynda sergä gatnaşyjylarda Türkmenistanyň pawilýony uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem, sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan azyk howspuzlygyny üpjün etmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport mümkünçilikleri, haryt bolçulygyny döretmek, öndürilýän önümleri halkara derejesinde standartlaşdyrmak, telekeçiligi goldamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek ýaly giň göwrümli işler barada gürrüň berildi.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!