10-13-nji oktýabr aralygynda Moskwa şäherinde, WDNH-nyň çäginde Russiýanyň «Altyn güýz» agrosenagat 20-nji ýubileý sergisi geçirildi. Sergini Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrligi gurnady.
Ýokary derejedäki sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk we agrosenagat toplumy bölüminiň başlygy, guşçulyk pudagynda işleri alyp barýan agzalary gatnaşdylar.
Russiýanyň esasy agrosenagat sergisiniň iş maksatnamasy agrosenagat toplumynyň hünärmenleri üçin möhüm we döwrebap çärelere baý boldy. Bu çärelere gatnaşmak bilen türkmen telekeçileri kärdeşleriniň iş tejribeleri, guşçulyk pudagy boýunça innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdylar. Weterinar serişdeleri, ownuk iýmleri, inkubatorlar üçin enjamlary öndürijiler, şeýle hem, guşçulyk fermalarynyň galyndylaryny gaýtadan işläp taýýarlaýan kompaniýalar bilen geçirilen duşuşyklaryň we işewür gepleşikleriň çäginde hyzmatdaşlygyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen telekeçileri bu abraýly sergä ilkini gezek gatnaşanoklar. 2014-nji ýylda TSTB-niň agzalary şol bir wagtda serginiň üç sany altyn medaly bilen sylaglanyldy.
Bu ýylky geçirilen «Altyn güýz» sergisinde Russiýanyň 60 etrabynyň we 15 sany daşary ýurt döwletleriniň kärhanalary öz ýeten sepgitlerini görkezdiler. Sergide 1800 golaý diwarlyklar görkezildi. Serginiň dowam eden dört gününde 140 müňden gowrak adam bardy. «Altyn güýz-2018» sergisiniň çärelerine umuman 10 müňden gowrak adam gatnaşdy.

www.tstb.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!