HORMATLY SERGÄ WE MEJLISE GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!

Sizi Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy» atly dokma we haly önümleriniň halkara sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we haly hem-de dokma pudaklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň dokma we haly pudaklarynda hem ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň bu pudaklarynyň ösüşiniň belent sepgitlerini doly aýdyňlygy bilen halkymyza ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda bu halkara serginiň hem-de mejlisiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

EZIZ WATANDAŞLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda hem uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary, haly kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Muňa mysal hökmünde ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen dokma toplumlarynyň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Bu dokma toplumlarynyň işe girizilmegi bilen, raýatlarymyzyň müňlerçesi üçin iş orunlary döredilip, geljekde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we eksport mümkinçilikleri has-da artar.

Iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli dokma önümleriniň hem-de gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana galdyrýan türkmen halylarynyň önümçiligi talabalaýyk ýola goýuldy. Biz ýurdumyzyň dokmaçylarynyň we dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän halal we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

Biz ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge, ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatymyzy dünýä ýaýmaga, türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny dikeltmäge mundan beýläk-de uly üns bereris. Pudagyň işgärleriniň, çeper elli halyçylarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri geljekde hem yzygiderli durmuşa geçireris.

HORMATLY ADAMLAR!

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösdürilmegi daşymyzy gurşap alýan tebigata zyýan ýetirmezden, sazlaşykly amala aşyrylýar. Täze gurlan dokma toplumlaryna, fabriklerine halkara guramalar tarapyndan berilýän güwänamalar hem muny ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.

Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we ýokary hilli önümleri öndürmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Önümçilik kärhanalarynda ornaşdyrylan täze tilsimatlara esaslanan enjamlary dolandyrmak we önümçilik tejribesini kämilleşdirmek üçin ýaş türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda bolup, özleriniň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.

Türkmen halkynyň çekýän agzybir, halal, päk zähmeti netijesinde Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkidilýändigini Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli şu gün geçirilýän halkara sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi halkara jemgyýetçilige ýene-de bir gezek aýdyň görkezer. Bu halkara sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan dokma pudagynda we halyçylyk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzy tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir.

HORMATLY DABARA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!

Siziň ähliňizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän dokma we haly önümleriniň halkara sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklaryň hemişe ýaran bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

www.turkmenistan.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!