23.05.2018. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de uglewodorod serişdelerini ugratmagyň köp şahaly ulgamyny we dünýä bazarlarynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr howpsuzlygynyň ygtybarly guralyny döretmek ugrunda çykyş edýän türkmen gazçylary ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary we kompaniýalary özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň indi dokuz ýyldyr gaz pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň bilermenleriniň duşuşyk geçirýän ýerine öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda döwletara gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň dürli ugurlary, uglewodorod serişdelerini köpugurly esasda eksport etmek, gaz geçiriji ulgamyň milli we sebit ugruny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar guralýar.

Şu gün Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň açylyş dabarasy boldy. Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden wekilçilikli toparlar, türkmen tarapyndan bolsa bu çärä ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary we pudaklaýyn döwlet konsernleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda, öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Wekilçilikli forumyň tejribe alyşmak we gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn çärä öwrüljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara üstünlik hem-de netijeli işler arzuw etdi.

Maslahatlaryň dowamynda düzümleýin bölümleriň hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň wekilleri çykyş edip, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny köpugurly esasda ösdürmek we pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Munuň özi diňe bir nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak maksady bilen däl-de, eýsem, tebigy serişdeleri gaýtadan işleýän düzümi gurmak üçin niýetlenendir.

Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol geologiýa-gözleg, burawlamak, gazy çykarmak, daşamak, saklamak ýaly ugurlary, şeýle hem häzirki zaman önümçilik düzümleriniň döredilmegini öz içine alýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatyna esaslanýar. Ol içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, tebigy gazy daşary ýurtlara ugratmak boýunça döwletara ylalaşyklary hem-de şertnamalary doly ýerine ýetirmäge kömek edýär.

Şeýle-de, foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze gaz ýataklary açyldy hem-de “Ýaşlar» we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki döwürde 27 trillion kub metr gaz gory bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tebigy gazyň täze gorlarynyň ýüze çykarylmagynyň gazyň mümkin bolan eksport möçberleriniň 2018-nji ýylda 100 — 120 milliard kub metr, geljekde bolsa her ýylda 160 — 170 milliard kub metr harytlyk gaz derejesinde boljakdygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär.

Çykyş edenler ýurtlary durnukly ösdürmek maksady bilen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda türkmen Lideriniň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Şu ýylyň fewral aýynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň we Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbaryň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Ygtyýarly wekilleriň belleýişleri ýaly, ýakyn wagtda bu taslamanyň Pakistan böleginiň gurluşygyna başlanar. Hindistanda bolsa taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birikdiren hem-de türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny, şol sanda Ýewropa ugruny köpugurly esasda ösdürmek üçin möhüm turba geçiriji düzüme öwrülen “Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek, nebit we gazhimiýa boýunça içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarda dürli görnüşli önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Hazar sebitinde iri gazhimiýa toplumyny döredýär. Garabogaz şäherinde tebigy gazy gaýtadan işlemek we karbamid önümçiligi boýunça kärhana ulanmaga berildi. Hazaryň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde gurulýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Onuň ýanynda polipropilen, pes dykyzlygy bolan polietilen we beýleki serişdeler, şeýle hem kaustik soda, duzly kislota we suwuk hlor öndürýän ýene bir toplumyň gurluşygy meýilleşdirildi. Bu iri maýa goýum taslamasyny daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde olardan gelip gowuşýan teklipler halkara bäsleşigiň çäklerinde seredilýär.

Maslahatyň barşynda ýakyn wagtda birnäçe maýa goýum taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigi barada maglumatlar aýdyldy. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we suwuklandyrylan gazy çykarýan gurnamany döwrebaplaşdyrmak bar. Onuň binýadynda ýylda 80 müň tonna kauçuk we 45 müň tonna polistirol öndürýän gazhimiýa toplumy gurlar. Merkezi Garagumda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň ýanyndaky ýatakda her ýylda etany gaýtadan işlemek boýunça we 35 müň tonna önüm öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Şu günki maslahatyň çäklerinde ýurdumyzda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň birnäçesine garalandygyny belläp, oňa gatnaşyjylar olaryň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan diňe bir dünýä energetika bazarynda energiýa göterijileri iri eksport edýän ýurt hökmündäki ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň harytlyk düzümini köpugurly esasda ösdürmegiň hasabyna daşarky bazardaky eýeleýän ornunyň görnüşini üýtgeder we halkara energetika işewürliginiň täze görnüşleriniň ösüşini işjeňleşdirer.

Maslahatyň işiniň birinji gününde halkara guramalaryň we “CNPC”, “Edison Technologies GmbH”, “SINOPEC Engineering (Group) Co. LTD.”, “Haldor Topsoe”, “Allen and Overy”, “Gazyk”, “Honeywell UOP”, “Dragon Oil”, “Exxon-Mobil”, “LG International”, “Hyundai Engineering”, “GE Oil & Gas” ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň uly geljeginiň boljaklygyna we onuň ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iri energetika ýurt hökmündäki ornuna ynam bildirildi.

Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ählumumy bazarynyň ösüşiniň, energetika howpsuzlygynyň we Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna gazy ugradýan möhüm ýurt hökmündäki ornunyň wajyp meselelerine garadylar. Gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda energiýa göterijileriň eksport ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde maýa goýum wezipeleriniň ileri tutulýan ugurlary, gazy ugradýan düzümiň milli we sebitleýin taýdan ösüşiniň meseleleri bar.

Ertir halkara Gaz kongresi öz işini dowam eder.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!