Baş muzeýdäki sergide özboluşly fotosuratlar, türkmenistanly Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň portretleri, žiwopis işleri we neşirler görkezilýär. Söweş meýdanlaryndan gelen üçburç hatlar, harby sylaglar we dürbiler, planşetler, goşhaltalar, wagyz platkatlary...---olar gazaply günleriň, ildeşlerimiziň gaýduwsyz edermenliginiň gymmatly subutnamalarydyr.

Bu ýerde öz şahsy süýşürintgilerine goşun üçin T-34 tankyny guran daýhan Lallyk Hanowa 1946-njy ýylda marşal Pawel Rybalkonyň peşgeş beren söweş maşynynyň makedi, tylda zähmet çeken türkmen zenanlarynyň Ýeňşe ägirt uly goşandyny--Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrýan pursadyny şekillendirýän fotosuratlar goýlupdyr.

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň tematiki sergisinde milli žiwopis mekdebiniň ussatlary Yzzat Gylyjowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Ýuliýa Daneşwaryň, Sergeý Beglýarowyň we beýlekileriň, şeýle hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň ölmez-ýitmez edermenligini we ildeşlerimiziň Ýeňşiň hatyrasyna çeken janaýamazakly zähmetini wasp edýän döwürdeş nakgaşlarymyzyň eserleri we heýkelleri görkezilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!