01.05.2018. Mähriban Diýarymyzda mundan dört müň ýyla golaý öň emele gelen siwiliza-siýanyň ýokary derejede bolanlygyna şaýatlyk edýän ýüzlerçe arheologik tapyndylar berlin-lilere we bu şäheriň myhmanlaryna Türkmenistanyň örän baý medeni mirasy barada gür-rüň berýär.Diňe bir Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjekleriniň muzeý muşdaklarynda uly gyzyklanma döreden bu serginiň açylan gününden bäri sanlyja gün ge-çen hem bolsa, eýýäm müňlerçe adam onuň ekspozisiýalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, bu ýerde görkezilýän, halkymyzyň ençeme asyrlar mundan ozal ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini aýdyňlyk bilen şöhlelendirýän gym-matlyklaryň täsinligi we özboluşlylygy bilen şertlendirilendir.

Ynsanperwer ulgamda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesi bolan Berlindäki sergi ýewropalylar üçin adamzat siwilizasiýasynyň ýyl ýazgysynyň täze sahypalaryny aç-magyň ýolunda möhüm waka boldy. Özüniň täsin gymmatlyklary bilen hiç kimi biparh goý-maýan bu özboluşly açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri-niň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça ygtyýarly wekili Monika Grýuttersiň belleýşi ýaly, Margiana taryhyň örän täsin ýadygärligidir. — Meniň şeýle gadymy mirasa baý Türkmenistana baryp göresim hem-de ençeme asyrla-ryň şaýatlary bolan ýadygärlikleri we gymmatlyklary öz gözlerim bilen göresim gelýär. Bü-tin dünýäde uly gyzyklanma döreden Margiana arkaly diňe bir türkmen halkynyň gadymy taryhy bilen däl, eýsem, geosyýasy babatda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň häzir-ki durmuşy bilen hem ýakyndan tanyşmak bolýar. Ýurdumyzyň merkezinde, iň abraýly mu-zeýleriň birinde guralan bu sergi ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläkde okgunly ösdürilmegine uly itergi berer. Men türkmen ekspozisiýasynyň diňe bir Germaniýada däl, eýsem, bütin dünýäde uly gyzyklanma döretjekdigine tüýs ýürekden ynan-ýaryn. Bu serginiň Ýewropada ilkinji bolup, hut GFR-iň paýtagtynda guralandygyna buý-sanýarys — diýip, hanym Monika Grýutters belledi.

«Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergi-ni ýokary derejede guramak üçin köp işler amala aşyryldy. Bu işe türkmen alymlary, arheo-loglary, medeniýet işgärleri we beýleki hünärmenleri bilen birlikde, nemes tarapynyň wekil-leri hem işjeň goşuldylar. Olaryň biri-de Täze muzeýiň baş hünärmeni, Margiana sergisiniň utgaşdyryjysy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Manfred Nawrotdyr. Gadymy taryhy we medeni mirasy öwrenmek hem-de ony bütin dünýä ýaýmak ulgamynda meşhur bolan bu alym dostlukly ýurtlaryň bilelikdäki tagallalary bilen geçirilýän serginiň guralyşyna ýokary baha berdi.

— Maňa bäş ýyl mundan ozal güneşli Türkmenistanda bolup görmek, Goňurdepede geçiri-len gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri bilen tanyşmak hem-de bu gadymy topragyň baý mira-syny öwrenmek üçin giň möçberli işleriň geçirilendigine göz ýetirmek miýesser etdi. Mar-giana birmahallar gülläp ösen beýleki siwilizasiýalardan birjik-de pes durmaýar. Bu ýerde tapylan arheologik gymmatlyklar örän täsindir. Olar müňlerçe ýyl mundan ozal bu ajaýyp toprakda örän ösen siwilizasiýanyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Biz Goňurdepeden tapy-lan täsin gymmatlyklaryň muzeýimizde goýlandygyna we dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän jahankeşdelere görkezilýändigine buýsanýarys we guwanýarys. Şu ekspozisiýanyň işlän döwründe oňa diňe bir Germaniýadan däl, eýsem, dünýäniň beýleki köp sanly ýurtla-ryndan hem ýüzlerçe müň adamyň gelip görmegine garaşýarys.

Türkmenistanda gadymy däpler bilen birlikde, milletiň özboluşly binagärlik we şähergurlu-şyk ýörelgeleriniň hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň şaýady boldum. Türkmen paýtag-ty sanlyja ýyllaryň dowamynda tanalmaz derejede özgerdi, bu ýerde gurlan ertekilerdäki ýaly köşkler we binalar bolsa özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýar. Umuman, Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbinde binagärligiň gadymy däpleri bilen häzirki zaman şäher gurluşy-gynyň özboluşly ýörelgeleri sazlaşypdyr. Bu ýerde binagärlik babatda öwrenmäge zat köp — diýip, doktor Manfred Nawrot nygtady.

Ýokarda bellenilişi ýaly, «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şaly-gy» atly arheologik sergini guramak üçin ençeme ýyllaryň dowamynda uly işleri geçirmeli boldy. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary boldy. Bu sapar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, türkmen-german hyzmatdaşlygyny, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam etdi. GFR bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem soňky ýyllarda has işjeňleşen Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Iki döwletiň hem netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygy hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-german gatnaşyklarynyň üstünligini şertlendirýär. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, medeniýet babatda gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň we Germaniýanyň halklaryny iki dostlukly ýurduň taryhy we mede-ni mirasy bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa-kyndan goldaw bermeginde türkmen halkynyň medeni mirasyny aýawly saklamaga, tary-hy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bo-ýunça 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçi-rilýändigi bellärliklidir. Munuň çuňňur manysy bar. Ençeme asyrlaryň dowamynda Türkme-nistanyň çäginden köp sanly kerwen ýollary geçipdir. Olar Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň söwda hem-de medeni hyzmatdaşlygynyň ýollary bolup hyzmat edipdir.

Häzirki wagtda ýurdumyz türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhy we özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga isleg bildiren köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Gadymy binagärligiň we taryhyň muşdaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen açyk asmanyň astyndaky täsin muzeýler — kuwwatly Parfi-ýa döwletiniň paýtagty Köne Nusaý, Gadymy Merw hem-de Köneürgenç bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine, Berlinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bü-rünç asyrynyň şalygy» atly arheologik serginiň guralmagy gadymyýetiň muşdaklaryna syr-ly hem-de gadymy Margiana şeýle gezelenji amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Gadymy Margiana Türkmenistanyň Günorta — Gündogaryndaky taryhy landşaftdyr. Ol dört müň ýyla golaý wagt mundan ozal, bürünç eýýamynyň ýokary derejede ösen medeni-ýetiniň merkezi bolupdyr. Bu merkez Mesopotamiýa we Müsür ýaly siwilizasiýalaryň döw-ründe ösen hem bolsa, ol häzirki döwre çenli köp derejede mälim bolmandyr. Indi ilkinji ge-zek gadymy gymmatlyklaryň giň möçberli sergisi arkaly Ýewropada giň köpçüligi Gündo-garyň taryhynda mynasyp orny eýeleýän gadymy Margiananyň täsinlikleri bilen tanyşdyr-maga mümkinçilik döredi.

Türkmenistan «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly sergi üçin ýurdumyzyň üç döwlet muzeýinden — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet mu-zeýinden, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýinden 220-ä golaý gymmatlygyny getirdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!