7-nji martda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyna degişli käbir möhüm meseleler boýunça-da pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde—iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Kataryň Emiriniň Türkmenistana resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Soňra iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalyna bardylar, bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ugradylar.
Ahalteke atçylyk toplumynda belent mertebeli myhmana ýurdumyzda ady rowaýata öwrülen bedewlere - türkmen halkynyň milli gymmatlygyna we buýsanjyna uly söýgi we alada bilen garalýandygyna göz ýetirmäge, olaryň gözelliginden lezzet almaga mümkinçilik döredildi.
Soňra bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Onuň agzalary iki döwletiň Baştutanlaryna ganatly bedewleriň ajaýyplygyny we ýyndamlygyny, şeýle hem at üstündäki çylşyrymly oýunlary görkezdiler.
Soňra milli Liderimiz türkmen halkynyň adyndan Katar halkyna Meledag atly bedewi sowgat berdi. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany bolup durýar.
Şeýle hem şu gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna bardy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň bu mukaddes nyşanyna hormat goýmak bilen, emele gelen asylly däbe görä, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň bagynda iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Bu ýerde oňa iri döwrebap sport toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilip, Olimpiýa şäherjiginiň taslamasy görkezildi.
Agşam Katar Döwletiniň Emiriniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki döwlet Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Kataryň dostlukly gatnaşyklara we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Soňra Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabat şäherinden ugrady.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!