7-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara boldy. Onuň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleri sarpalamak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze kaşaň öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Baýramçylyk dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary hem möhüm çäreleriň ençemesini guradylar.
Mundan başgada, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, olaryň düzüm böleklerinde, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Däp bolşy ýaly, pul sowgadyna zenanlaryň ählisi, şol sanda talyplar, mekdep okuwçylary hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlar mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu baýramçylyk 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen ýurdumyzyň şanly seneleriniň senenamasyna täzeden goşulypdy.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!