02.03.2018. Düýn paýtagtymyzda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi.
Eýranyň senagat toplumynyň gazananlarynyň her ýyl geçirilýän gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Türkmenistana Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygynda uly işewürler topary geldi.
Aşgabatda geçirilýän eýran harytlarynyň sergisi hem-de hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança hökmünde bilelikdäki işewürler maslahatynyň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mohammad Şariatmadariniň düýn geçirilen duşuşygynyň barşynda bellenildi. Iki goňşy döwletiň netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam bermäge meýillidigi nygtaldy.
Şu gezekki ykdysady gözden geçiriliş hem şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Bu sergi Eýranyň senagat toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Gözden geçiriliş hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi, onuň meýdançalarynda dürli ulgamlaryň hünärmenleriniň geňeşmeleri we gepleşikleri işjeň geçirilýär, işewür gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylýar.
Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjanda şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 65-siniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan söwda-ykdysady ulgamyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň barşynda myhmanlara häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetine bagyşlanan tanyşdyryş dabarasy guraldy.
Ulag we aragatnaşyk, elektroenergetika, gurluşyk, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk önümleriniň önümçiligi hyzmatdaşlaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Obasenagat toplumynyň täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana önümçiliklerini gurmak, öňdebaryjy biotehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ulgamlarynda özara gatnaşyklar meselelerine aýratyn üns berildi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarmyzyň işewürleriniň we kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalara esaslanýan senagat pudaklaryndaky bilelikdäki işi uly ähmiýete eýedir. Bu ugurlarda ýurdumyzyň telekeçileri öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, önümleriň köp görnüşlerini öndürmek we ýerlemek, daşarky bazarlarda hyzmat etmek ulgamlarynda uly kuwwata eýe boldular.
Işewürler maslatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

www.tdh.gov.tm

FaLang translation system by Faboba