7-nji martda «Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň «Hazar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen bilelikde guran «Bank işgärleriniň özbaşdak okuwyny ornaşdyrmak» atly sebitara okuw maslahaty öz işine başlady.
Oňa Germaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan wekiller, Merkezi bankyň, ýurdumyzyň karz beriji edaralarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Taslamanyň çäklerinde bank işgärlerini okatmaga çekilen ýerli bilermenler Germaniýanyň özge pulhanalarynyň akademiýalarynda her ýyl geçirilýän bir hepdelik okuw maslahatlarynda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik alarlar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sebit boýunça geçirilýän bu okuw maslahaty Germaniýanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň bilermenleriniň bank işgärleri bilen okuw geçmek ulgamynda oňyn iş tejribelerini paýlaşmagy üçin örän ähmiýetlidir.
Okuw maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşanlara hünär derejesini ýokarlandyrandygy barada degişli şahadatnama berler.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!