01.03.2018. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si açyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän eý­ran ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýän bu çä­re asyl­ly dä­be öw­rül­di, ol iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga, gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, iki goň­şy ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Şu ge­zek­ki fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri­niň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýol­baş­çy­lar­dan we 60-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­rin­den yba­rat we­kil­çi­lik­li to­par Aş­ga­ba­da gel­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry, dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan işe­wür­ler bar. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi üçin bu ser­gi ýur­du­myz­da öz önüm­le­ri­ni gör­kez­mek, türk­men kär­deş­le­ri bi­len gel­jek­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­mek­de baş­lan­gyç meý­dan­ça bo­lar.
Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik dü­zü­miň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-nyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne hem-de bi­le­lik­dä­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­ýar, bu gat­na­şyk­la­ryň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hy ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr diý­lip, Gut­lag­da bel­le­nil­ýär. Uzak­ möh­let­li gel­je­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gel­je­gi uly bo­lan mö­hüm ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar we iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär, tu­tuş se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne hyz­mat ed­ýär.
EYR-nyň se­na­gat, mag­dan­lar we söw­da mi­nist­ri Mo­ham­mad Şa­riat­ma­da­ri ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra gut­lag söz­le­ri bi­len ýüz­le­nip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. Eý­ra­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Eý­ra­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň şu ge­zek­ki iri möç­ber­li ser­gi­si öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.
EYR-nyň se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­na, şol san­da Türk­me­nis­ta­na eks­port edil­ýän önüm­le­ri­niň we ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­ni gör­kez­ýän kö­pu­gur­ly ser­gi­si mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ser­gi ýur­du­my­zyň hyz­mat­daş­la­ry­my­z bilen mö­hüm ugur­lar­da, şol san­da bi­le­lik­dä­ki önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak­da has ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny gör­kez­di.
Ser­gi meý­dan­ça­la­ry­nyň giň bö­le­gi­ni gur­lu­şyk se­na­ga­tyn­da, ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­gam­la­ry üçin se­na­gat en­jam­la­ry­ny çy­kar­ýan önüm­çi­lik­de, guş­çu­lyk­da hem-de mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ryn­da, azyk pu­da­gy we ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry üçin en­jam­la­ry ön­dür­ýän iri kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri eýe­le­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Towchal Const­ructi­on Co” gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bar, bu kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Te­jen der­ýa­syn­da Sa­rahs — Sa­rahs ser­het­ýa­ka köp­rü­si gu­rul­dy.
“Da­boo Sa­nat” kom­pa­ni­ýa­sy ýy­ly­lyk üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy gör­nüş­le­ri­ni, kö­pu­gur­ly elekt­rik be­ket­le­ri­niň, gyz­dy­ry­jy­la­ry we beý­le­ki se­na­gat en­jam­la­ry­ny hö­dür­le­ýär, olar in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry esa­syn­da çy­ka­ryl­ýar. “Toyou­ran ab­zar Co”, “Es­kan toyour”, “Zar­rin Da­neh”, “Se­pa­han Da­neh Par­sian” kär­ha­na­la­ry­nyň bö­lüm­le­rin­de döw­re­bap guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň, ga­ry­şyk iým­le­riň hem-de ýo­kum­ly go­şun­dy­la­ryň önüm­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry düz­mek, gur­mak we teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­mak hyz­mat­la­ry hem-de tek­lip­le­ri hö­dür­le­nil­ýär.
“Def­ne Se­raj­lik & PATS Co” kom­pa­ni­ýa­sy türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýär, bu kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­da iri ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Gel­jek­de bu kär­ha­na Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
So­wa­dyş we ho­wa­ny ça­lyş­mak ul­gam­la­ry üçin en­jam­lar top­lu­my­nyň önüm­çi­li­gin­de in­no­wa­si­ýa­la­ry peý­da­lan­ýan “Hava Cel­lu­lo­se” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Bir­jan şä­he­ri­niň söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Ho­ra­san we­la­ýa­ty­nyň mil­li se­na­gat kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, bu we­la­ýa­tyň Eks­port­çy­lar bir­le­şi­gi­niň bö­lüm­le­rin­de gur­lu­şyk se­na­ga­ty we bi­na­la­ryň ti­mar­lan­ma­gy hem-de iç­ki jaý­lar üçin taý­ýar önüm­le­riň — po­lat gur­na­ma­la­ryň (“Is­ta steel structu­re”) dür­li gör­nüş­le­ri we öl­çeg­li se­riş­de­ler, ka­bel­ler hem-de elekt­rik ge­çi­ri­ji­ler (“Af­lak Ekectric), plas­tik­den we po­li­mer­ler­den ýa­sa­lan önüm­ler, tur­ba, ka­fel hem-de ke­ra­mi­ka se­riş­de­le­ri, azyk we ýe­ňil se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň, dur­muş hi­mi­ýa­sy­nyň taý­ýar önüm­le­ri­niň giň gör­nü­şi gör­ke­zil­ýär.
Jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti hem-de söw­da kär­ha­na­la­ry üçin so­wa­dy­jy­la­ry we doň­du­ry­jy­la­ry ön­dür­ýän “Electro Steel” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bö­lüm­le­ri türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­di.
Ser­gä yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­la­ryň ha­ta­ryn­da “Iran Khod­ra” mil­li aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy kon­sor­siu­my­nyň we­ki­li bar. Bu ser­gi­de 2018-nji ýy­la degişli “Peu­geot”, “Re­nault”, “De­na+”, “Ari­san” ýe­ňil ky­sym­ly aw­to­mo­bil­le­riň bir­nä­çe nus­ga­la­ry gör­ke­zil­ýär. Ola­ryň äh­li­si hä­zir­ki za­man ýew­ros­tan­dart­la­ry­nyň, ener­gi­ýa tyg­şyt­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ri­lip­dir.
EYR-nyň il­çi­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky me­de­ni mer­kez, “Sa­de­rat-Eý­ran” ban­ky­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy hem ser­gi­de öz bö­lüm­le­ri­ni gu­ra­dy­lar, olar işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant goş­ýar­lar.
Ne­pis na­gyş­lar bi­len be­ze­len gap-gaç­la­ryň nus­ga­la­ry ser­gi­ni be­ze­di, bu­lar “mi­na­ka­ri” we “ha­tam­ka­ri” usu­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len el iş­le­ri­dir, ga­dy­my su­rat­keş­lik eser­le­ri hem-de ha­ly­lar, seý­rek ki­tap ne­şir­le­ri, ly­bas­lar we sow­gat­lyk­lar­dyr bu önüm­ler­de eý­ran hal­ky­nyň baý ta­ry­hy hem-de sun­ga­ty öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Üç gü­nüň do­wa­myn­da yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­li­şe gel­ýän­le­re iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we iş­läp taý­ýar­la­ma­lar bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik bo­lar, bu ýe­re gel­ýän­ler öza­ra bäh­bit­ler esa­syn­da gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ba­ba­tyn­da bel­li bir ne­ti­jä ge­lip bi­ler­ler.
2-nji mart­da türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler, onuň do­wa­myn­da iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri gel­jek­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni, mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny hem-de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy na­za­ra al­mak bi­len has amat­ly ugur­la­ry ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.
www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!