01.03.2018. Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň we türkmen-eýran işewürler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! “Türkmenistan – Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda Aşgabatda geçirilýän bu çäreleriň köptaraply türkmen-eýran gatnaşyklaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.
Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde, kuwwatly pudaklar kemala gelýär we döwrebap kärhanalar gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz harytlaryny dünýä we sebit bazarlaryna ibermekde eýranly işewürler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Türkmenistan Watanymyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän uludyr.
Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, türkmen-eýran işewürlik maslahatlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.
Bu çäreleriň çäklerinde geçirilýän türkmen-eýran işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri üçin ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge we häzirki döwürdäki gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga giň mümkinçilikler dörär. Bu bolsa, Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer.
Uzak möhletli geljege gönükdirilen Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljegi uly bolan möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bu gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýär. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.
Hormatly sergä gatnaşýan myhmanlar!
Hormatly adamlar!
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemegine, Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

www.tdh.gov.tm

FaLang translation system by Faboba