4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garady we birnäçe ýolbaşçylaryň işi boýunça anyk çözgütler kabul edildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we beýleki ýolbaşçylara söz berdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 115,8 göterime deň boldy. Ministrligiň kärhanalary boýunça peýdanyň ösüş depgini 118,6 göterime barabar boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi ABŞ-nyň 662,69 müň dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe kärhanalar tarapyndan 39,7 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 40-sy geçirilip, 4,2 milliard manatlykdan gowrak bahasy bolan 2172 şertnama hasaba alyndy. Eksport we import şertnamalarynyň umumy bahasy 2,4 milliard manatdan, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy bolsa 1,1 milliard manatdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 6,1 million manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 73,1 göterim ýokarydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Girdejiler boýunça meýilnama 128 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümleriniň möçberleri 27,4 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişi 9,6 göterim ýokarlandy. Gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 100,9 göterime, söwda-haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 118,9 göterime, hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini bolsa 121,5 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşi, onuň ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşýan goşandynyň pudaklaýyn ýagdaýlaryň sazlaşygyna maksatnamalaýyn çemeleşmeleri talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmak meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sarp ediş isleglerine yzygiderli gözegçilik etmegiň, içerki we daşarky bazarlara täsiri bolan ýagdaýlary öwrenmegiň zerurdygyny belläp, halkara işewür gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurt maýalaryny çekmek arkaly maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Rüstem Nuryýewiň kollažy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!