07.02.2018. Paýtagtyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy bilen boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky Italiýanyň Ilçihanasy gurady.
Sergi şol bir wagtyň özünde iki ýerde: Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda, beýik italýan suratkeşi Mikelanželo Merizi de Karawajonyň (1571-1610) eserleri bilen tanyşdyrylar.
Sergide Karawajonyň sungatyny sanly tehnologiýanyň şöhleleri arkaly görüp bolar. Ajaýyp reproduksiýalar eseriň hakyky ölçegi bilen deň geler, ýörite şöhlelendirmeler ýagtylyk-kölegesini gecirip, tomaşaçylarda örän uly tasir galdyrar.
Karawajo XVII asyr Ýewropa suratçylygynyň realistik akymynyň düybüni tutujy hasap edilýär. Eýýäm onuň irki işleri – “Hassa Wakh”, “Lýutnýaçylar” ýaly eserleri täzeçillik hasap edilipdir. Reňkleriň sazlaşygy onuň suratlaryna beýiklik berýär, onuň gahrymanlary durmuşa söygüden doludyr we tomaşaça aýratyn lezzet berýär.
Sergi 25-nji fewrala çenli dowam eder.

www.tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!