Güneşden we howadan suw almak diýmek ylmy-fantastiki filmden bir parçany gürrüň berýän ýaly duýgyny başdan geçirdip biler. Ýöne Çehiýa Respublikasy 2020-nji ýylda Dubaýda geçiriljek EKSPO sergisine hut şeýle teklip bilen barar. Pragada ýerleşýän Çehiýanyň tehniki uniwersitetiniň gurluşyk fakultetinde bu taslamanyň başyna barypdyrlar.
EKSPO-2020 Bütindünýä sergisiniň şygary “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýlip atlandyrylýar. Çölüň içinde gözellik döretmek mümkinmi? Göräýmäge mümkin däl hasaplanýan bu taslama S.A.W.E.R. (Solar Air Water Energy Resource) diýlip atlandyrylýar. Onuň birinji bölümi çöl howasyndan suw almaga, ikinjisi bolsa şol suw arkaly çöli lälezarlyga öwürmäge niýetlenendir.
Çehiýaly alym, dosent Tomaş Matuşka “Çeh radiosyna” beren interwýusynda hasaplamalar boýunça adaty radiatoryň kömegi bilen her günde ortaça 10 litr çemesi suw alyp biljekdiklerini aýdýar. Emma S.A.W.E.R. taslamasy doly güýjünde işlän halatynda, hatda islenilýän howanyň bolmaýan günleri-de Gün energiýasy arkaly 100 litre çenli suw öndürip bolar.

Materiýaly “www.radio.cz” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW,
žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!