02.02.2018. Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli çäre Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeginiň netijeli guralyna öwrüldi we ýurdumyzyň senagatynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri we ösüş ugurlaryny beýan etdi, bu ulgama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasynda möhüm ähmiýet berýär.

Bu gözden geçiriliş öňdebaryjy ylmy başlangyçlary we senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullary babatda dünýäniň öňdebaryjylarynyň netijeli çözgütlerini hem-de tejribe alşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat etdi we bu ulgamdaky gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň hem-de görnüşleriniň ösdürilmegini şertlendirdi. Sergi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaga bolan isleglerini ýokarlandyrdy. Häzirki döwürde türkmen bazary ýokary sazlaşykly ösüşi, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri bilen özüne çekýär.

Sergi gatnaşyjylaryň düzüminiň ägirt uly bolmagy, olaryň hatarynda dünýäniň transmilli korporasiýalarynyň, import-eksport boýunça milli söwda assosiasiýalarynyň, iri köpugurly senagat kompaniýalarynyň we ýöriteleşdirilen önüm öndüriji firmalaryň, konsalting guramalaryň bolmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň ýolunda uly üstünlikleri gazanýandygyny we ýurdumyzyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny alamatlandyrdy.

Giň möçberli sergi halk hojalygy toplumynyň ähli möhüm ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany, aragatnaşygy, gurluşygy, himiýa senagatyny, dokma pudagyny, gaz we nebit-himiýa, gurluşyk serişdeleri önümçiligini, iýmit önümlerini, söwdany, hyzmatlar ulgamyny öz içine aldy. Sergä gatnaşyjylar ýokary hilli durmuş tehnikasyny, elektronikany, lukmançylyk barlaghana enjamlaryny, dürli maksatly mebelleri öndürýän düzümler, şeýle hem ylym we kosmos tehnologiýasynda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde işläp taýýarlamalary görkezdiler.

Ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň bölümlerinde, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklarynda gurluşygy alnyp barylýan senagat toplumlarynyň we beýleki desgalaryň maketleri, tehnikalaryň, enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň, biotehnologiýalaryň nusgalary, köpçülikleýin islegden peýdalanýan önümleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Üç günläp dowam eden sergide oňa gatnaşyjy kompaniýalaryň önümleriniň tanyşdyrylyş çäreleri boldy we hereket edýän hem-de gatnaşyk saklamaga isleg bildirýän hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Daşary ýurtly öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň telekeçileri täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.

Giň möçberli serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgadaky sertifikatlar gowşuryldy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH).

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!