29.01.2018. Baku şäheriniň EKSPO-2025-e taýýarlygynyň guralyşyna baha bermek üçin Halkara sergiler býurosynyň komissiýasynyň agzalarynyň gelmegine taýýarlyk görülýär.
Bu halkara sergisine Baku, Ýekaterinburg, şeýle hem Ýaponiýanyň Osaka şäheriniň bäsdeşlik edýändigini ýatladýarys. Fransiýa welin özüniň kandidaturasyny aýyrdy.
Azerbaýjan halkara sergiler býurosyna 2017-nji ýylyň maý aýynda ýüz tutdy. Bu ýurt eýýäm öz taslamasyny görkezdi. Baku adam kapitalynyň ösdürilmegine bagyşlanan temany hödürledi. Bu byuro tarapyndan guralýan sergä Azerbaýjan indi birnäçe ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. Geçen ýyl ýöriteleşdirilen sergini Astana kabul etdi.
Mart aýynda taslama taýýarlyk görmegiň meselelerini öwrenmek üçin baha kesýän missiýa Baku şäherinde bolar. Noýabr aýynda bolsa, EKSPO-2025 köptaraplaýyn serginiň guramaçy ýurduny Byuronyň 164-nji mejlisinde 170 agza döwletler saýlar.
Ol her bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. 25 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýan nobatdaky sergi 2020-nji ýylda Dubaýda geçiriler.

Materiýaly “www.24.kz” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!