Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» Türkmenistanyň önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de häzirki zamanyň döwrebap tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar. Innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportyň möçberlerini artdyrmak bellenýär. Göz öňünde tutulan bu işler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda senagat pudaklarynda, takyk inženerçilik we biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, telekommunikasiýalar babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Döwletimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň döredilmeginden, bay tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyndan hem-de milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alýar. Ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasy, bu ugurda gazanylan üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna hem laýyk gelýär.
Häzirki wagtda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmak işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçiligiň köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegine hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna uly itergi berýär.
Ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda hususy eýeçiligiň, telekeçiligiň ösüşine uly üns berlip, bu ugurda önümçilik başlangyçlaryny goldamaga we höweslendirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, telekeçileriň daşarky bazarlarda köp görnüşli ýokary hilli harytlary ýerlemäge we hyzmatlary ýerine ýetirmäge uly mümkinçilikleri bar.
Sergä gatnaşýan myhmanlaryň ünsüni şu meselä çekmek bilen, ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda maýa goýum işleriniň geljeginiň uludygyny bellemek isleýärin.
Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisiniň türkmen önüm öndürijileriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyna goldaw bermekde, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, toplanan tejribeleri alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!