Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýanwar aýynyň 17-21-i aralygynda «FITUR-2018» atly 38-nji Halkara syýahatçylyk sergisi guraldy. Iri syýahatçylyk çäresi bolan FITUR, syýahatçylyk işewürligine ýöriteleşdirilen dürli ýurtlardan ençeme guramalary toplady. Bu giň möçberli çärä Türkmenistandan «Owadan syýahat» atly syýahatçylyk gullugy gatnaşdy. Bu ýyl «Owadan syýahat» taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahaty hödürleýän «Silk Road destinations» atly taslamany görkezdi. Aýratyn hem syýahatçylar biziň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly taryhy ýerlere baryp, görmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem «Owadan syýahat» üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna hem utgaşdyrylan ugurlary hödürleýär. Gullugyň işgärleriniň aýtmagyna görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler. «Owadan syýahat» 2017-nji ýylda Türkmenistana gelen, esasan ýewropa ýurtlarynyň wekilleri bolan syýahatçylaryň 3 müňden gowragyny kabul etdi. Şundan ugur alyp, 2018-nji ýylda bu görkezijiniň ýokarlanjakdygyna çak etmäge esas bar.
Bu hususy syýahatçylyk kärhanasy ýanwar aýynyň başynda Amsterdamda geçirilen syýahatçylyk ýarmarkasynda «Türkmenistan» atly taslama boýunça çykyş etdi. Bu ýylyň mart aýynda bolsa, «ITB Berlin» atly dünýäde iň iri syýahatçylyk sergisine gatnaşyjylaryň hataryna goşular.

Materiýaly “www.orient.tm” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!