TÄZE, 2018-NJI ÝYL GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI ÝURTLAR ÜÇIN IRI WAKALARA BAÝ BOLAR. HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ SAMMITINDEN, ŞEÝLE-DE DÜRLI MÖÇBERLI SERGILERDEN WE BIZNES FORUMLARDAN BAŞGA-DA IRI SPORT WAKALARY HEM GEÇIRILER. 2018-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA, RUSSIÝADA FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATLARY GURALAR.

HALKARA SERGI. 2018-nji ýylda Ermenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda ART EXPO ady bilen ilkinji gezek halkara sergisi geçiriler. Serginiň geçirilmegi bilen bagly karar 2016-njy ýylda kabul edilip, ony guramak hukugy Ermenistana berildi. Şeýle-de bu ýurtda ýaş alymlaryň III Ýewraziýa forumy we Frankofoniýa boýunça halkara guramasynyň sammiti hem gurlar. Olara 50 döwletden 100-den gowrak ýokary derejeli myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ SAMMITI. Ýylyň başynda Astanada Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Konwensiýa gol çekilmegi mümkin. DÜNÝÄ ÇEMPIONATY. 2018-nji ýyldaky agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriler. IWF guramasynyň ýerine ýetiriji komiteti dünýä çempionatyny Aşgabatda guramak baradaky teklibi biragyzdan goldady. Türkmenistanyň paýtagtyndaky ýaryş 24-nji noýabrdan 3-nji dekabra çenli aralykda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlary üçin bina edilen sport desgasynda guralar. 

Russiýa öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyny guramaga hukuk gazandy. Şeýle-de, bu çempionat ilkinji gezek Gündogar Ýewropada geçiriler. Şeýle-de, nobatdaky dünýä kubogy birbada iki yklymyň çäginde – Aziaýda we Ýewroapda geçirilýär. Dünýä çempionatyny Russiýanyň şäherleriniň 11-si kabul eder.

Materialy “www. news.rambler.ru” saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!