Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalara, innowasiýalara daýanýan önümçilikleriň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gün dabaraly açylýan sergi hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň has-da ilerlemeginde uly ähmiýete eýedir diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda aýdylýar.

Yurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, şeýle hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalary kabul edilip, onuň çäklerinde innowasion häsiýetli önümçilikleri giň gerimler bilen döretmek ugrunda düýpli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasynyň» amala aşyrylmagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düzümini kämilleşdirmekde we eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eye bolýar. Işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işler Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän möhüm görkezijiler bolup durýar. Hormatly adamlar! 

Mähriban dostlar!

Durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň mundan beýläk hem durnukly ösüşini üpjün etmäge, täze is orunlaryny döretmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda biz ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek we importyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümçilikleri ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna, ýerli çig mal serişdelerine esaslanýan pudaklar bolan himiýa we nebithimiýa senagatynyň kuwwatyny düýpli artdyrmak, ösen gurluşyk materiallary senagatyny kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Dokma senagatynda täze önümçilikler döredilýär. Agrosenagat pudagynda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini hem-de olary ösen tehnologiýalar arkaly saklamak we gaýtadan işlemek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak meýilleşdirilýär. Ulag we aragatnaşyk, ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek babatdaky meýilnamalarymyz hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynda hususy pudaga aýratyn orun berilýär. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, hususy telekeçiligiň dürli ugurlarda depginli ösüşleri gazanylyp, milli ykdysadyýetde tutýan orny barha artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen taslamalaryň hem köpüsi hususy telekeçilere degişlidir.

Daşary ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda Bitarap döwletimiz «açyk gapylar» syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyzda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler bar. Öz işine başlaýan halkara sergisine gatnaşyjylaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, geljege niýetlenen taslamalary ara alyp maslahatlaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Çünki, biz Garaşsyz ýurdumyzda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris. Şu sergä gatnaşýan kompaniýalary hem önümçilige ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys.

Sergä gatnaşýan hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dabaraly açylýan serginiň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, bu ugurda toplanan tejribeleri alyşmakda, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň ähliňizi Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

http://turkmenistan.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!