18-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy hasabat bilen çykyş edip, öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäherinde 23–25-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XII ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guraljak däp bolan gözden geçirilişde eýran kompaniýalarynyň 90-dan gowragynyň öz iş alyp barýan ugurlary boýunça sergileri gurnamagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Olaryň ýarysyndan gowragy sergä ilkinji gezek gatnaşmaga isleg bildiren kompaniýalardyr.
Giň möçberli sergide maşyngurluşyk, himiýa senagaty, energetika, elektron ulgamlary, desga we ýol gurluşygy ugurlarynda işleýän, azyk we ýeňil senagat üçin önümçilik enjamlaryny, oba we suw hojalyk tehnikasyny öndürýän, şeýle hem söwda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar häzirki zaman gazananlaryny, täze innowasion önümlerini görkezerler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli ugurlarda giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, dostlukly ýurduň ýöriteleşdirilen sergisini ýokary derejede guramak hem-de geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisini hem-de mähriban halkymyzy eziz Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenýän Döwlet baýdagynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimiziň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Rüstem Nuryýewiň kollažy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!