09.11.2017. Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistany has-da okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, biz milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris – diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar.

Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen, dine bir häzirki döwür üçin däl, eýsem, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri amala aşyryp, orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurýarys. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini, täze bilimleri, kompýuter we barlaghana enjamlaryny okuw işine giňden ornaşdyrýarys, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlaýarys.

Her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni, bilim hem-de sport mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatymyza laýyklykda, täze ýokary okuw mekdeplerini döredýäris. Yaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkidip, döwletimiziň we halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende götereris.

Bedenterbiýe we sport döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Sport parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklar üçin hem gymmatly ýörelge bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik, giň gerimli özgertmelere badalga berdik. Yurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, şypahanalary gurduk. Aşgabat şäherinde bolsa, 157 gektar meýdanda Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kyrka golaý desgany, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigini bina etdik. Dünýäde giňden ýaýran hem-de millionlarça adamlaryň gyzyklanýan golf oýnuny ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Golf sport toplumyny hem açdyk. 2017-nji ýylyň 17—27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa, Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň sport merkezleriniň biri hökmünde tanatdy. Dünýä sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açan hem-de halkara bileleşiginde uly seslenme döreden V Aziýa oýunlary tutuş adamzadyň bähbitlerine parahatçylyk, dostluk gatnaşyklary üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri döretdi.

Biz bilimiň we sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Yakyn Gündogar, Yewropa hem-de Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. 2017-nji ýylda «Aziada - 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jamamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnama kabul edildi. Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge goşýan goşandyny dünýä bileleşiginiň doly goldaýandygy bizi aýratyn guwandyrýar – diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlag hatynda bellenýär.

Hatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu serginiň we maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Türkmenistanyň bilim we sport ulgamlarynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, şeýle hem döwrebap bilimleri we tejribeleri özleşdirmekde möhüm ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýandygyny aýdýar.

www.turkmenistan.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!