18-nji fewral hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän ählihalk baýramçylygy—her ýylyň 19-njy fewralynda bellenilýän Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar—Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň aýratyn ähmiýetli seneleriniň biri bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak işinde egsilmez güýç-kuwwat hem-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmenleriň milletiň Garaşsyzlyk we erkin ösüş baradaky düşünjesini şöhlelendirýän hem-de deňsiz-taýsyz durmuş gymmatlyklaryny ykrar edýän mukaddes Tuga hemişe aýratyn garaýşynyň bolandygyny nygtady.
Döwlet baýdagynyň güni—munuň özi mukaddes Tugumyza hormatymyz, söýgimizdir we sarpamyzdyr, şoňa görä-de, bu baýramçylyk hemişe aýratyn ruhubelent we dabaraly bellenmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara bu senä bagyşlanan çäreleriň ählisini iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!