01.11.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Aşgabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň häkimlikleriniň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler girdiler.

Duşuşyk Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçdi. Bu ýerde şeýle hem ýurdumyzyň dokma, himiýa we nebithimiýa, azyk, oba hojalyk , gurluşyk serişdeleri we beýleki pudaklarynda öndürlýän önümleriň sergisi guraldy.

Işewürler maslahatyna täjik tarapyndan esasy döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler birleşmesiniň,kiçi hem-de orta telekeçiligiň milli assosiasyýasynyň wekilleri, şeýle hem maýa goýum we maslahat beriş ulgamlarynda, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa hem-de alýumin senagaty, oba hojalygy, azyk senagaty, ýük daşaýyş we logistik, senagat hem-de lukmançylyk enjamlaryny iberýän ulgamlarda ýöriteleşdirilen döwlet we hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň 30-dan gowragy gatnaşdy.

Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Said Dawlatali ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, täjik-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Iki halkyň arasynda gadymdan gelýän taryhy baglanyşyklar, dostluk-doganlygyň, özara hormat goýmagyň mizemez däpleri bu gatnaşyklaryň ygtybarly esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana häzirki resmi saparynyň barşynda döwletara gatnaşyklaryna täze badalga berler. Ýaly, taraplar özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ykdysady häsiýetli bilelikdaki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berýärler.Iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitlerini anyklaşdyrmaga gönükdirilen şu günki duşuşyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini, geljegi uly işewürlik pikirlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetleriň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi, telekeçiligi döwlet tarapyndan höweslendirmegiň ýollary, daşary ýurt maýadarlarynyň, tutuşlygyna alanyňda daşary ýurt işewürliginiň işini hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ugurlary baradaky syn bilen tanyşdyryldy.

Maslahatda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary täjik kärdeşlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmaga hemiçe açyk bolan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Bu gyzyklanma ozaly bilen işewürligi, şol sanda amatly maýa goýum işini alyp barmak üçin ähli şertler döredilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösýändigi bilen şertlendirilendir.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hil taýdan durnukly ösüşi, maýa goýumlarynyň işjeň goýulmagyny üpjün edýän ykdysadyýetiň köp ugurlaýyn ösdürilmegine, oňa innowasion häsiýet berilmegine tarap ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler we işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde, ýurdumyz eýýäm 10 ýyl bäri ykdysady ösüşiň ýokary depginini görkezýär. Häzirki wagtda umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna barabar bolan iri senagat we durmuş desgalarynyň 1900-e golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar.Olaryň 1800-si ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary tarapyndan gurulýar.

Türkmenistanyň maýa goýum derejesiniň ösmegine durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, kuwwatly serişde, çig-mal binýady hem-de maýa goýumlarynyň ygtybarlylygyny kepillendirýän, halkara hukuk ölçeglerine kybap gelýän kanunçylyk ýardam edýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň” çäklerinde, halkara ähmiýetli onlarça iri taslamalar amala aşyryldy. Halkara gaz geçirijilerini, demir ýollary, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, häzirki zaman howa menzillerini, Amyderýanyň üstünde gurlan köprüleri, mysal hökmünde getirmek bolar. Bularyň ählisi sebitiň ýurtlarynyň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna ýardam berýän uly goşantdyr. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda onlarça desgalar ulanylmaga berildi, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjigi bina edildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Galkynyş” gaz ojagyny özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar, bu ýerde ýylylyk kuwwaty 30 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyply desgalar toplumy guruldy. Bu taslamanyň ikinji nobatdakysynyň durmuşa geçirilmegi “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” gaz geçirijisi boýunça “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da,
“Galkynyş” gaz ojagynyň ägirt uly gorlaryny senagat taýdan özleşdirmek
“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişmäge mümkinçilik berdi, onuň ýylylyk kuwwaty 33 milliard kub metre gaza deň bolar.

Türkmenistan çäk taýdan ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşýär. Şuny nazara almak bilen, ýurdumyzda häzirki zaman ulag we aragatnaşyk düzümleri döredildi. Hususan-da, Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesi ulanylmaga berildi, Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýol şahasy çekildi, ol goňşy ýurtlar Owganystan we Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Bular bilen bir hatarda, Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menzilini düýpli täzelemek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň umumy uzynlygy 1,7 müň kilometr bolan içerki awtomobil ýollary halkara ölçeglerine kybap getirilýär. Bularyň ählisi ýakyn wagtda Türkmenistany Ýewropany Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitiniň döwletleri bilen birleşdirýän örän möhüm ulag-logistika merkezine öwrer.

Dünýä ykdysady ulgamynda bolup geçýän esasy meýiller hem-de üýtgemeler hasaba alnyp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy, ol milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda gaýtadan işleýän senagatda ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa eksport ugurly, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklara innowasiýa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.

Bazar gatnaşyklarynyň, telekeçiligiň ösdürilmegi bu maksatnamanyň möhüm ugrudyr. Maksatnamada ykdysadyýetiň hususy böleginde ýüzlerçe kiçi, orta hem-de iri senagat kärhanalarynyň, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklar kemala geler, häzirki wagtda bar bolan döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hususy bölege düýpli döwlet goldawynyň berilýändigi, munuň bolsa onuň okgunly ösmegine ýardam edýändigi bellenildi. Häzirki wagtda telekeçiler senagatda we oba hojalygynda 110-dan gowrak taslamany durmuşa geçirýärler, olar eksporta iberilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. 2020-nji ýyla çenli döwürde hususy bölegiň jemi içerki önümdäki paýyny 70 göterime çenli ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa goňşy döwletleriň işewürler toparlarynyň arasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikdir.

Işewürler maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýeten sepgitlerini beýan edýän wideofilm görkezildi. Täjigistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we döwlet emlägini dolandyrmak baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Işewür duşuşyga gatnaşyjylar iki döwletiň uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, munuň üçin himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklarda uly mümkinçilikler bar.

Hususan-da, täjik kompaniýalary aýna, lak-boýag we beýleki serişdeleriň önümçiligi boýunça bilelikdäki kärhanalary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalary döretmäge gatnaşyp biler. Ulag we aragatnaşyk ulgamynda munuň özi, ozaly bilen,
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara ulag geçelgesini kemala getirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegidir.

Gyzyklanma bildirilen, pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň, eksport-import amallarynyň, birek-birege iberilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny hem-de möçberini giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary hem-de telekeçiler birleşmeleri tarapyndan yzygiderli esasda guralýan sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, işewür duşuşyklary telekeçilik düzümleriniň ýakyn hyzmatdaşlygynyň täsirli guraly bolup durýar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ylym, bilim hem-de medeniýet, şol sanda dürli pudaklar üçin işgärleri taýýarlamak, bilelikde düýpli we amaly ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy böleginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, şolaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräni jemlemek bilen, geljekde hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bitewi garaýyşlaryň kemala getirilmegine umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, bu işewürler maslahaty Türkmenistanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltmäge ýardam berýän ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen we täze, ileri tutulýan ugurlary kesgitlän ýene bir möhüm ädimdir.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!