"Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2017» atly 22-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň we sergisiniň nebitgaz pudagyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn – diýip, gutlagda bellenýär.
Turkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa eýe bolmak bilen, onuň berýän mümkinçilikleriniň milli bähbitler bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmegini gazanmagy esasy wezipe edip goýýar.
Biziň ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Soňky döwürde bu serişdeleri gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere dumukly we ygtybarly ýetirmek babatda köp işler amala aşyryldy. Gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär.
Indi ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny omaşdyrmak, bu ugurda işleri daşky gurşaw üçin zyýansyz alyp barmak uly wezipe bolup durýar. Bu ugurda işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça hem tutumly işler alnyp barylýar. «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taslamanyň goňşy we sebitiň döwletleri üçin ykdysady taýdan örän möhüm taslama boljakdygyna berk ynanýaryn.
Şunuň bilen bir hatarda, «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etjek «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlaryny çekmek üçin ýurdumyzda amatly şertleriň döredilýändigini aýratyn bellemek isleýärin.
Turkmenistan tebigy gazyň gorlaryna bay bolmak bilen, ony dünýä bazarlaryna diňe gaz geçirijiler arkaly ibermek bilen çäklenmän, tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerinden iň zerur we bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Bu halkara maslahatynyň we sergisiniň esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky ösüşler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere ýene- de bir gezek baha bermekden, innowasion tehnologiýalar bilen tanyş bolmakdan, tejribe alşyp, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
Şeýle maslahatlaryň we sergileriň nebitgaz serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde, gaýtadan işlemekde we sarp edijilere ýetirmekde uly ähmiýeti bardyr. Şu meselede halkara maslahaty we sergisi maglumat bilen üpjün etmegiň esasy çeşmeleriniň birine öwrüler. Bu halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy üçin täze şertleriň döremegine uly itergi berer."

www.tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!