19.10.2017. garaşylyşy ýaly, ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýaniýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.
Halkara maslahatynyň gün tertibine dünýäniň,sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hem-de bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi, pudaga daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly meselelerine, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berler.
Nebitgaz sergisi we maslahaty döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň serişde hem-de senagat kuwwatyny doly derejede görkezmäge, ýurdumyz bilen öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!