Ýakynda Kiýewiň şäher administrasiýasynyň binasynda hasap boýunça indi dördünji gezek «OUTLOOK World Culture Festival» atly dünýä medeniýetleriniň festiwaly geçirildi.

Bu çäre ony guraýjylar bolan Ukrainadaky ynanylan diplomatiki missiýalaryň goldamagynda geçirildi.

Şäher administrasiýasynyň zalynda ýaýbaňlandyrylan sergide Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Awstraliýanyň, Argentinanyň, Ermenistanyň, Bolgariýanyň, Bangladeşiň, Wýetnamyň, Germaniýanyň, Müsüriň, Gruziýanyň, Hindistanyň we ýene-de onlarça döwletleriň milli medeni gymmatlyklarynyň nusgalary tomaşaçylara hödürlenildi.

Serginiň dowamynda çeperçilik täsirler, dünýä halklarynyň milli lybaslarynyň ekspozisiýalary, foto suratlaryň görkezilişleri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem sergide halk aýdym-sazlarynyň, tanslarynyň görkezilişleri guraldy ussatlyk sapaklary geçirildi. Tomaşaçylara milli tagamlar hödürlenildi.

Sergide köpsanly we dürli ekspozisiýalary bilen Türkmenistanyň tematiki meýdançasy köpçüligiň ünsüni özüne çekip, giň meşhurlyga eýe boldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!