Aşgabatda şu ýylyň 12-13 oktýabrynda Garaşsyzlygyň 26 ýyllygyna gabatlanyp Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi geçiriler.
Baş ykdysady gözden geçirilişe ministrlikler, pudak edaralary, kärhanalar, guramalar, häkimlikler we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar.
Sergä gatnaşyjylar ekspozisiýalaryň 100-den gowragyna syn edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, söwda pudagynda, hyzmatlarda we maliýe-bank toplumynda gazananlary bilen tanşyp bilerler.
Şeýle-de, sergide saglygy goraýyş, syýahatçylyk, medeniýet we ylym-bilim ulgamynda gazanylanlar görkeziler. Sergi ekspozisiýasynda myhmanlar Aşgabatda we welaýatlarda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgerişlikler bilen tanyşdyrylar.
Aýry-aýry pawilýonlar ýurdumyzyň döwlete dahylly däl ulgamynyň ösüşlerine bagyşlanar.

Metbugat materiallary esasynda taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!