Şwesiýa Korollygy Ýewropanyň Demirgazygynda, Skandinaw ýarym adasynda ýerleşýän döwlet. Konstitusion monarhiýa görnüşinde dolandyrylýar.
Ýurduň ady gadymy skandinaw sözlerinden (Svea we Rige) hasyl edilip, ol “Sweýleriň döwleti” diýen manyny berýär. Paýtagty Stokgolm şäheri.
1946-njy ýylyň 19-njy noýabryndan bäri BMG-niň, 1995-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy. Şengen ylalaşygyna gol çeken döwletleriň biri.
Şwesiýa tutýan meýdany boýunça (447 435 inedördül kilometr) Ýewropa döwletleriniň arasynda 5-nji orny eýeleýär.
1950-1973-nji ýyllarda Şwesiýanyň senagat önümleriniň bahasy pul bilen aňladylanda 280% ösüş gazandy. Şol döwür “Şwed modeliniň” pajarlap ösen ýyllary hökmünde hasaba alyndy.

Şeýlelikde, Şwesiýada durmuşyň derejesi boýunça dünýäde iň ýokary görkezijilere eýe boldy.
Senagatda girdeji we aýlyk haklary rekord görkezijiler bilen ösdürildi.
Infrastruktura – ýollar, hassahanalar, mekdepler, kommunikasiýa çalt depginler bilen guruldy.
1980-nji ýyllarda däp bolup gelýän demir magdanyna we gara metallurgiýa bolan garaşlylygy aradan aýryp, transport öndürmekde, elektroharytlarda, aragatnaşyk enjamlarynda, himiýa we farmasewtika önümlerinde Şwesiýada öňdebaryjy tehnologiýalara geçilmegi ykdysady taýdan ösüşlere badalga berdi.
9 milliondan gowrak ilaty bolan Şwersiýada iri kompaniýalaryň 50 töweregi hereket edýär.
Bu döwletde ösen infrastruktura, ýokary hilli tehnikalar, iňlis dilini bilýän oňat bilim alan işgärler bar. Munuň özi aglaba üstünlikleriň girewidir.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!