2017-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Ukrainanyň medeniýet fondunyň Altyn zalynda «Türkmen halysy» atly sergi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna ukrain hökümetiniň agzalary, ministrlikleriň ýolbaşçylary, Ýokary Radanyň deputatlary, daşary ýurtly ilçiler, şäher administrasiýasynyň ýolbaşçylary, alymlar, ukrain paýtagtynyň medeniýet we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, ýerli türkmen diasporasynyň hem-de žurnalistlerdir habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň maksady kiýewli suratkeşleriň Türkmenistan bilen aragtnaşygyny çeperçilik taýdan açyp görkezmekden ugur aldy. Munuň özi suratkeşler Konstantin Lýaşewiň, Galina Kirilenko-Barannikowanyň, Irina Benderowskoýyň, Anna Şewelýowa-Stupagyň, Nikolaý Znobyň eserlerinde aýdyň göründi. Eserlerinde türkmen durmuşyna aýratyn ähmiýet beren bu suratkeşleriň hemmesi diýen ýaly ýa Türkmenistanda dogulanlar ýa-da ep-esli wagtlap türkmen topragynda ýaşap giden sungat ussatlarydyr. Açylyş dabarasynda çykyş edenler bu çäräniň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabat gelendigi üçin, serginiň esasy maksadynyň türkmen we ukrain halklarynyň arasyndaky uly ruhubelenlikden gözbaş alýan doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ugur alandygyny aýratyn nygtadylar.
Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlara türkmen milli tagamlary höödürlenildi. Dabaraly çärede halkyň milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna sergä gatnaşyjylar ýokary baha berdiler.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!