Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp her ýyl geçirilýän foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem 12 döwletden meşhur alymlar, professorlar we lukmanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň guramalaryndan we kärhanalaryndan başga-da Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň ýurtlaryndan kompaniýalaryň 245-si – lukmançylyk maksatly tehnikalary we önümleri, derman serişdelerini öndürijiler, keseli anyklaýyş we bejeriş babatda täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar öz önümlerini görkezdiler. Sergide ilkinji gezek türkmen bazaryna çykmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň 17-siniň wekilleri öz harytlaryny hödürlediler.

Sergi barlaghana we keseli anyklaýyş enjamlary, lukmançylyk enjamlary hem-de serişdeleri, optika we oftalmologiýa, reanimasiýa, intensiw terapiýa we anesteziýa, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, stomatologiýa ýaly ugurlary we beýlekileri birleşdirdi.

Forumyň çäklerinde, däp bolşy ýaly, alymlaryň we hünärmenleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ýörite ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak arkaly giň möçberli işjeň we ylmy maksatnama guraldy.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!