10-12-nji iýulda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Türkmenistan –Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly forum geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty hem-de Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi geçiriler.
Köplenç ýöne Frankfurt diýlip atlandyrylýan Maýn boýundaky Frankfurt Germaniýanyň ululygy boýunça 5-nji şäheri hasaplanýar. Bu şäher Maýn derýasynyň gadymy güzerinde (furt) franklaryň köpçülik bolup ýaşaýan ýerinde – Frankoniýada ýerleşýär. Şonuň üçin oňa franklaryň güzerinde (furt) ýerleşýän şäher, ýagny Frankfurt diýilýär.
Frankfurt dünýäniň alfa şäherleiniň biri hasaplanyp, ol täjirçiligiň, medeniýetiň, bilimiň, syýahatçylygyň we transport gatnaşyklarynyň merkezi hasaplanýar. Bu ýerde Ýewropanyň merkezi banky, Germaniýanyň Federal banky, Frankfurt biržasy, Frankfurt ýarmarkasy, Frankfurt howa menzili ýerleşýär. Frankfurtyň otly meznili hem-de awtomobil ýollary Ýewropa kontonentiniň iň çylşyrymly geçelgeleriniň hatarynda durýar.
Frankfurtyň dünýäniň alfa-şäherleiniň sanawynda ilkinji 20-lige girýän ýeke-täk german şäheridigini hem aýtmalydyrys. Alfa şäher diýlip dünýä ykdysady ulgamynyň bir bölegi bolan şäherlere aýdylýar. Olar adatça Ýer ýüzüniň ähli sebitlerine diýen ýaly syýasy, ykdysady we medeni babatda öz täsirlerini ýetirýärler.
“Mercer Human Resource Consulting” kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, Frankfurt ýaşaýşyň derejesi boýunça Germaniýada 2-nji, dünýäde 48-nji orny eýeleýär.
Germaniýada adynda Frankfurt sözi bolan iki şäher bar. Olaryň bir Maýn boýundaky Frankfurt, beýlekisi Oder boýundaky Frankfurt. Ýöne gündelik gepleşikde Frankfurt diýlende göniden-göni Maýn boýundaky Frankfurta düşünilýär.
Frankfurt ýüzýyllyklaryň dowamynda Germaniýanyň maliýe merkezi hökmünde bellidir. Sebäbi ol ýerde iri banklaryň we broker edaralarynyň birnäçe ýerleşýär. Frankfurtyň ykdysadyýeti esasan “üç läheňe” esaslanýar – maliýe, transprt, ýarmarka işi.
Frankfurt biržasy Germaniýanyň iň iri, dünýäniň iň möhüm biržalarynyň biri hasaplanýar. Bu şäherde Ýewropa bileleşiginiň döwletleriniň pul-karz syýastyny kesgitleýän Ýewropanyň merkezi banky hem-de Germaniýanyň Federal banky ýerleşýär. Mundan başga-da daşary ýurt er milli banklaryň 300 töwereginiň wekilhanasy, şeýle-de iri nemesbanklarynyň ençemesiniň baş edarasy Frankfurtda ýerleşýär.
Frankfurtyň transport infrastrukturasy hem diýsep amatly bolup, ol ýerdäki halkarahowa menzili Ýewropanyň möhüm transport ulgamalrynyň biridir. Howa menzili amatly ýerde ýerleşip, ony “Ýewropanyň ýüregi” diýibem atlandyrýarlar. Çünki ol demir ýol we awtomobil ýollarynyň çahrygynda ýerleşip, Frankfurtyň has-da özüneçekiji bolmagyny üpjün edýär.
Frankfurtda her ýylda dürli pudaklaryň sergelriniň geçirilip durulýandygyny-da aýtmak gerek. Olaryň arasynda “Internationale Automobil-Ausstellung” dünýäniň maşyngurluşyk ulgamyndaky iň iri sergileriň biri bolup durýar. “Musikmesse” ady bilen geçirilýän sergi bolsa dünýäniň saz älemindäki iri çäreleriň biridir.
Şeýle-de Frankfurtyň medeni we ylmy merkezleriniň hem biri bolup, dünýä beli okuw jaýlarynyň hataynda tanalýan Gýote uniwersiteti hem hut şu şäherde ýerleşýär. Mundan başga-da onlarça mzueýler we botanika baglarynyň ikisi ol ýere baranlaryň ünsüni özüne çekýär. Şu ýerde Frankfurtyň gökdiränleriniň sany boýunça hem Ýewropa Bileleişiginiň döwletleriniň arasynda ilkinji 3-lügiň hataryna girýändigini aýtmalydyrys.
Frankfurtda beýikligi 150 metrden uzyn bolan binalaryň 11-si ýrleşýär. Şeýlelikde, Frankfurt bu babatda Parişi öňünde geçirip, Londony bolsa yzda gadyryp, 2-nji orny eýeleýär. Ýewropa Bileleişigindäki iň beýik gökdiränleriň ikisiniň Frankfurtda ýerleşýändigini hem bellemelidiris. Olaryň biri täjirçilik bankynyň binasym beýleksi bolsa Frankfurt sergisiniň binasydyr. Öz gezeginde oalryň bütin Ýewropada hem iň belenet binalaryň saneynda 3-nj iwe 4-nji orunlary eýeýändigini aýtmak gerek.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!