04.07.2017. Paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.
Iki döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin dostlukly ýurduň önümleriniň gözden geçirilişini guramak baradaky başlangyjy öňe sürdüler we bu sergi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.
Foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň dürli welaýatlarynyň senagat kuwwatyna wekilçilik edýän kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 70-e golaýynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bar. Köp ýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda olar bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ägirt uly oňyn tejribe toplanyldy. Olaryň hatarynda Hytaýyň Birinji awtomobil korporasiýasy (FAW), ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan milli nebitgaz korporasiýasy (CNPС), nebitgaz pudagy üçin enjamlary öndürýän “Jeren” kompaniýasy, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iri hyzmatdaş bolan “Huawei” kompaniýasy hem-de ýurdumyza getirilýän energiýa üpjünçilik ulgamlary üçin kuwwatly elektron transformatorlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan TBEA Group we beýlekiler bar.
Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary görkezýärler. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň köptaraply ykdysady kuwwatyndan habarlydyr we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýarlar.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilleri, iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz halkara möçberli bu uly serginiň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berjek möhüm çäreleriň biri boljakdygyna hem-de türkmenistanly we hytaýly hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary dowam etdirmekde hem bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň– Sinszýan –Uýgur awtonom oblastynyň gubernatorynyň orunbasary Huang Sanpin milli Liderleriň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady giňişligini döretmek boýunça tagallalary birleşdirip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändiklerini belledi. Gadymy Ýüpek ýoly täze görnüşde, häzirki zaman transmilli awtomobil, demir ýol we gaz geçirijiler görnüşinde dikeldilýär. Şol ýollar bolsa halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder. Hytaýda öndürilýän harytlaryň şu köpugurly sergisi bu ugurda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, türkmen we hytaý halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

Halkara ykdysady goşulyşmak ulgamynda Hytaý Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň bazarymyzda Hytaýyň esasy kompaniýalarynyň 40-dan gowragy işläp, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk we ulag ulgamlarynda, dokma hem-de himiýa senagatynda, telekommunikasiýalar we IT-tehnologiýalar ulgamynda giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. HHR-den getirilýän harytlaryň sanawynda tehnologiki enjamlar, gara metaldan önümler, elektrik maşynlar we enjamlar, demir ýol lokomotiwleri we beýleki ulag serişdeleri, abzallaryň dürli görnüşleri bar. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýanynda Söwda wekilhanasynyň we Hytaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi wekilhanasynyň açylmagy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ep-esli artmagyna ýardam etdi.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýerleşdirilen köpugurly sergi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol Hytaýyň önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini, şol sanda nebitgaz ulgamynda, elektrik enjamlaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny, gurluşyk serişdelerini, metal we plastiki önümlerini, dürli dokma önümlerini we halylary we azyk önümlerini, lukmançylyk serişdelerini we hojalyk harytlaryny öndürmek ulgamynda teklipleri we hyzmatlary hödürledi.
Hytaýyň iri köp ugurly kompaniýalary we kärhanalary hem-de eksport we import boýunça halkara söwda agentlikleri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Olaryň hatarynda elektroenergetika enjamlaryny öndürýän “Xinjiang Longbo Electical & Mechanical Equipment” kompaniýalary bar. “Quinghai Dekun Electronic technology” kompaniýasy energiýany tygşytlaýan lampalary we yşyklandyryş ulgamlaryny hödürleýär. Gurluşyk serişdeleri ulgamynda alýuminiý profillerini iberýän “Shandong Guangyao Super-Thin Glass”, “Zhangjiagang City Best Machinery “ kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler. “Xinjiang Tianshan agriculturial Yu Aviation Technology” kompaniýasynyň oba hojalygynyň zerurlyklary üçin niýetlenen uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de keselleri anyklamak üçin ekspres–testleriň müňden gowrak görnüşini işläp taýýarlan, saglygy goraýyşda biotehnologiýalary döredýän “Wondfo Biotech” kompaniýasynyň teklipleri hem gyzyklydyr.
Dürli içgiler, kosmetika we parfýumeriýa üçin furnituralary çykarmaga ýöriteleşdirilen “Shaoxing Taihe Aluminium – Plastic Packing” kompaniýasynyň diwarlyklary köp öwüşginliligi bilen özüne çekýär. Degişli aksessuarlary öndürýän “Zhejiang Tianyuan Furniture” kompaniýasynyň önümleri mebel pudagynda işleýän telekeçilerimizi gyzyklandyryp biler. “Atushi City Boxin Commerce & Trading” söwda agentliginiň diwarlyklarynda hödürlenýän aşhana esbaplary täsin bezegi we inçeligi bilen tapawutlanýar.
Hytaý eksportunyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýokary hilli dokma önümleri we halylar bar. «Xinjiang Fulizhenglun Spinning», «Aketao County Pamier Cashmere Industry», «Kizilsu Fuliming Clothing», «Xinjiang Haerke Garment Co., Ltd.», «Bachu County Jinquan Runhe Carpet Manufacture», «Xinjiang Kaili Carpet Textile», «Qinghai Tibetan Sheep Group» kompaniýalary tarapyndan şu önümleriň köp görnüşleri, şol sanda kaşemir ýaglyklary we beýleki örme önümler, ajaýyp ýüpek örtgüler hem-de tutular, täsin tibet halylary hödürlenilýär.
Serginiň aýratyn bölümi HHR-iň azyk pudagynyň dürli önümlerini görkezýär. Şol önümler öňdebaryjy ylmy tehnologiýalaryň hem-de hytaý halkynyň milli medeni däpleriniň esasynda öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlary we sergä gelýänleri Sinhaý welaýatynyň bol hasylly meýdanlarynda ýetişdirilýän hytaý ýaklarynyň etinden taýýarlanan önümler, oblepiha miwesinden taýýarlanan örän süýji we ýokumly önümleriň köp görnüşi («Xinjiang Jinzhiyuan Biology technology»), şeýle hem «Altay Xinji international trading», «Atushi Green Agricultural Importand Export», «Qinghai Ping’an Shenghe» we beýleki kompaniýalaryň miweleri hem-de nygmatlary, tohumlary we hozlary özüne çekýär.

Sergide milli çaý içişlik medeniýetiniň ýörelgeleri esasynda taýýarlanan özboluşly hytaý çaýyndan dadyp görmek we baha bermek bolýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistandaky ilkinji köpugurly sergisi hytaý önüm öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüler. Sergi hyzmatdaş telekeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda göni we has netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Sergi özi işini 6-njy iýula çenli dowam eder.
http://tdh.gov.tm/

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!