04.07.2017. Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistan ähli ugurlar boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uly möçberli maýa goýumlaryny özleşdirmek arkaly önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini ynamly artdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň özi, geljegi uly bolan türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň köpugurly sergisi hem dostlukly ýurduň ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär etmek bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we giňeldilmegine uly ýardam berer – diýip, gutlagda bellenýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportuny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň ähmiýeti örän uludyr.

Serginiň geçýän günleri Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçliklerini görkezerler.

Gutlagyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly we hytaýly hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary dowam etdirmekde hem bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Türkmen döwlet habarlar agentligi.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!