HORMATLY SERGI-ÝARMARKA GATNAŞYJYLAR!
MÄHRIBAN ADAMLAR!
Sizi «Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Aşgabatda geçirilýän bu serginiň söwda ulgamynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerini giňden görkezmek bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!
Bu sergi-ýarmarka ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýetilen sepgitleri, Türkmenistanda raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saçaklarymyzyň dürli-dümen nygmatlar bilen bezelmegi üçin gündelik tagalla edilýändigini, ýokary derejeli söwda we hyzmatlar ulgamy döredilip, halkyň ösýän islegleriniň doly kanagatlandyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär we türkmen halkynyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup, saçaklarymyza dolýar. Azyk önümleri bilen bir hatarda, senagat önümlerini öndürýän kärhanalaryň günsaýyn artmagy bilen, ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi söwda tekjelerini bezeýär, ýurdumyzyň içerki bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygy üpjün edilýär.
HORMATLY MYHMANLAR!
EZIZ WATANDAŞLAR!
Türkmenistanda öz ähmiýetliligi boýunça örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şol sanda söwda ulgamy hem ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, hususy eýeçiligi ösdürmekde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler pudagyň batly depginler bilen durnukly ösmegine itergi berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde döwrebap söwda merkezleriniň, dükanlaryň, bazarlaryň, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, toý mekanlarynyň, medeni-dynç alyş merkezleriniň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi bölek söwda ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyryp, iň talapkär müşderiniň hem göwnünden turmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa, ilata ýerlenýän harytlaryň möçberleriniň, görnüşleriniň artmagyna, hiliniň ýokarlanmagyna uly itergi berýär.
HORMATLY MYHMANLAR!
EZIZ WATANDAŞLAR!
Turkmenistan gysga wagtyň içinde durnukly ösüş ýoluna düşen we bütin ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmegi başaran ýurt hökmünde ykrar edildi. Amala aşyrylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda ýerlenilişini has-da artdyrmak maksadyna eýerip, biz dünýä döwletleriniň onlarçasynda, şol sanda Russiýa Federasiýasynda, Belarus Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda we beýleki birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açdyk. Bu söwda öýleriniň üsti bilen amala aşyrylýan, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli oba hojalyk we senagat önümleriniň söwdasy barha giň gerime eýe bolýar.
SERGI-ÝARMARKA GATNAŞÝAN HORMATLY MYHMANLAR!
EZIZ ADAMLAR!
«Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarka bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda söwda we hyzmat ediş ulgamynyň hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemläp, ilatymyza we ýurdumyzyň myhmanlaryna ýokary hilli hyzmat etmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny we belent sepgitlere ýetýändigini aýdyň görkezer.
Sizi «Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
http://tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!