Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçiriliş türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilgine ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan ýokary netijelerini görkezmäge niýetlenendir,-diýilp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar.
Türkmenistanda halkyň abadan durmuşy üçin ähli şertler döredilendir. Dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, kanunçylyk we durmuş-ruhy binýady kemala geldi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar işe girizilýär. Olarda dünýä bazarlarynda uly iseg bildirilýän harytlar öndürilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirlen ýokary hilli ýerli dokma önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň okgunly ösüşi daşky gurşawa zyýan ýetirmezden amala aşyrylýar, muňa täze dokma toplumlaryna we fabriklerine berlen degişli halkara sertifikatlary-da şaýatlyk edýär,- diýlip gutlag hatynda bellenilýär.
Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini mundan beýlägem ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçirliş dünýä bileleşigine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýene bir gezek görkezmäge ýardam berer.
Döwlet baştutany gutlagynyň ahyrynda Dokma senagaty işgärlriniň gününe bagyşlanylyp geçirilýän halkara sergisiniň ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň gazananlary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidigini nygtaýar. Mundan başga-da, bu sergi şu ýerde görkezilýän harytlary we hyzmatlary öndürijileriň--kärhanalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy, bilelikde olaryň çözgüdini tapmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolar.

http://tdh.gov.tm

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!