Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu gün Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi. Ynha, eýýäm birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary kabul eder. Bu Oýunlar ýurdumyzyň sport döwleti derejesini berkitmegi ugur edinýär. Elbetde, şu günki baýramçylyk bolsa dostlugyň, sagdynlygyň, ylham joşgunynyň senasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — ýaşlaryň zehininiň we intellektual mümkinçilikleriniň ösýän döwri bolup, olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň daýanjyna öwrülip, onuň şan-şöhratyny artdyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlag hatynda Türkmenistany mäkäm syýasy, ykdysady we medeni binýatly döwlete öwürmek boýunça öňde goýlan wezipäni çözmekde ylym we bilim kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.

“Siz ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmelisiňiz, halkymyzyň sylag-hormatyna mynasyp bolmalysyňyz, döwletimiziň özüňiz hakda edýän atalyk aladalaryna gowy okamak, halal zähmet çekmek, gurmak, döretmek bilen jogap bermelisiňiz”. Milli Liderimiziň bu sözlerine mynasyp bolmak bu gün uly adamlaryň durmuşyna gadam basýan mekdep uçurymlary üçin ajaýyp arzuw bolup durýar. Olaryň bähbitleri we geljek üçin meýilleri dürli-dürli bolsa-da, olary ýurdumyza peýdaly bolmaga, döwletimiziň okgunly ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga bolan höwes birleşdirýär. Soňky jaňyň kakylýan güni eziz Watanymyzyň ýüregi, ýurdumyzyň işewürlik we syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolan Aşgabat şäheriniň hem öz baýramçylygyny bellemegi guwançly ýagdaýdyr. Goşa baýramçylyk paýtagtymyzyň durmuşyny ajaýyp aýdymdyr sazlar, bahar gülleriniň ajaýyplygy, şatlyk-şowhun bilen baýlaşdyrdy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bolan orta mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, zehinli okuwçylar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ir säher bilen eziz Watanymyzyň azatlygynyň we röwşen geljeginiň nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular. Hormatly Prezidentimiziň atasynyň zähmet we söweş ýoluna çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Mälim bolşy ýaly, göreldeli mugallym, frontçy, halk dessanlaryny, rowaýatlary we ertekileri ýygnaýjy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mekdepde Döwlet okuw-usulyýet merkezi — mugallymlary hünär taýdan kämilleşdirýän binýat ýerleşýär.

Soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty!” diýen şygar astynda 2016—2017-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.

Mekdep ýyllary her bir adam üçin çagalygyň nyşanyna öwrülýär. Bu döwürde adam diňe ylym öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň wajyp närselerini: dostluk, birek-birege hormat goýmak, goldamak, kömek etmek ýaly duýgulara berilvqrler. Şonuň üçin “Soňky jaň” baýramçylygy tolgundyryjy we ýatdan çykmajak waka öwrülýär. Bu gün uçurymlar täze okuw ýylynda ilkinji gezek mekdep partalarynyň başyna geçmäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine özboluşly ýollanmany geçirýärler, ähli ugurlar we açyşlar şondan başlanýar.

Bu gün uçurymlaryň, olaryň ene-atalarynyň, mugallymlarynyň hem-de halypalarynyň adyna mähirli sözler we arzuwlar aýdyldy.

Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna aýratyn mähirli we tolgundyryjy hoşallyk sözleri aýdyldy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaş nesle bilim bermek hem-de olary terbiýelemek boýunça uly işler geçirilýär, olaryň intellektual we döredijilik zehinlerini amala aşyrmagy üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Soňra mekdep uçurymlary üçin barha gözelleşýän paýtagtymyz — bagy- bossanlyga bürenen seýilgähleri, altyn gümmezli köşkleri, kümüş suwly çüwdürimleri, akylyňy haýran edýän özboluşly binalary özünde jemleýän aşyklar şäheri boýunça gyzykly gezelençler guraldy.

Bu gün ýaşlar Türkmenistanyň Konstitusiýasy, “Arkadag”, Bitaraplyk binalaryna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardylar. Açyk asmanyň astyndaky özboluşly taryhy ekspozisiýa bolan “Ylham” seýilgähine baryp görmek hem gezelenç maksatnamasyna girdi. Bu ýerde halkymyzyyň şöhratly ogullarynyň — görnükli şahsyýetleriň heýkelleri oturdyldy. “Bagt köşgi” hem-de “Aşgabat” we “Älem” medeni-dynç alyş merkezleri gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.

Agşam “Aşgabat” aýdym-saz merkezi “Soňky jaň” dbaralarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününiň hormatyna dürli öwüşginli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gazananlary milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty bilen gös-göni bagly bolup, her bir raýatyň abadançylygy bu syýasatyň maksady bolup durýar. Şunda “abadançylyk” sözi adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak üçin örän amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan köpugurly düşünje bolup durýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, zehinli ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli işler öz netijelerini berýär. Geçen okuw ýylynda halkara olimpiadalara gatnaşanlaryň sany ep-esli artyp, abraýly halkara bäsleşiklerde gazanylan onlarça medallar türkmen okuwçylarynyň intellektual ýeňişleriniň üstüni ýetirdi. Mugallymlar hakynda alada, olaryň hünär ussatlygyny we derejesini ýokarlandyrmak, halkara ynsanperwer alyşmalary işjeňleşdirmek döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar.

Bu gün mekdep uçurymlarynyň öňünde hünär saýlap almak, diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin giň mümkinçilikler açyldy. Ýurdumyzyň ösüş depginleri döwrebap innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär.

Eziz Watanymyzyň geljekki rowaçlygy bilimli we zehinli ýaşlara bagly bolup durýar. Size bildirilen ynamy ödemek — siziň mukaddes borjuňyzdyr diýen sözler şu günki dabaralaryň barşynda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Köp ýyllaryň dowamynda ýaş türkmenistanlylaryň kemala gelmegine uly goşant goşan halypalaryň adyna mähirli arzuwlar beýan edildi.

Okuwda has tapawutlanan uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy, netijeli işlemek we bilim almak üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Baýramçylyk dabarasy “Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz — ýaşlaryň bagty!” diýen şygar astynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi. Aşgabadyň agşamky asmanynyň astynda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan edebi-sazly çykyşlar belentden we joşgunly ýaňlandy. Ýurdumyzyň täze taryhynyň gazananlary milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu ýatdan çykmajak günde gözel paýtagtymyz, mekdep ýyllary, ilkinji söýgi hakynda, şeýle hem Aziada—2017-ä bagyşlanan aýdym-sazlar joşgun bilen ýerine ýetirildi. Konsert maksatnamasy tans toparlarynyň, çagalar we döredijilik toparlarynyň, ýaş estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Dabara gatnaşanlaryň hemmesini açyk sahna meýdançasynda birleşdiren “Arkadagyň yhlasy sen, Aşgabat!” diýen aýdym konsertiň jemleýji pursatyna öwrüldi.

Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde hem-de “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda geçirildi.

...Şatlykly duýgulara hem-de umyt-arzuwlara beslenen bu gün ýaşlarymyzy durmuşyň täze möhüm tapgyryna, saýlap alan hünärine eýe bolmaga hem-de eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyryp, uzak wagtlap uçurymlaryň ýadyndan çykmaz.

Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna guralan dabaralar, dürli medeni-köpçülikleýin çäreler bu gün welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!