Türkmenbaşy, 24-nji maý (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VIII Halkara gaz kongresi we oňa bagyşlanan pudaklaýyn sergi öz işini tamamlady. Bu çäre energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi
berdi.

Kongrese dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, iri halkara guramalaryň we nebitgaz pudagynda ägirt uly tejribesi bolan nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady mümkinçiligi bolan Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Oňa dünýäniň 36 döwletinden, şol sanda ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Ýewropa Bileleşiginden, Russiýadan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan, şeýle hem BAE-den, Türkiýeden, Malaýziýadan, Singapurdan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan wekiliýetleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Dünýä gaz senagatynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş meýillerini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara derejedäki meýdança öwrülmegi bilen, forum ýurdumyzyň ýokary derejä eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Halkara gaz kongresiniň işiniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine we onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň diňe bir ykdysady bähbidi bolman, eýsem ol sebitleýin energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ykrar edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki döwürde ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” esasy ugradýan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Amatly geosyýasy ýagdaýy we uglewodorod serişdelerine baý ýataklary bilen ýurdumyz dürli ugurlar, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlary boýunça gazyň eksportuny mundan beýläk-de artdyrmak üçin ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Ýaşlar we Garakel ýataklary bilen bilelikde, garaşsyz auditiň maglumatlaryna görä, 27 trillion kub metr gory bolan “Galkynyş” gaz käni ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu kände senagat taýdan abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde alyp barýar. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi. Şeýle kuwwatlykdaky ugurdaş toplumyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge niýetlenen desgalaryň üçünji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Mundan başga-da, geljegi uly nebitgaz ýataklary Hazar deňziniň türkmen kenarynda we kenarýaka zolagynda, Amyderýanyň sag kenarynda, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde güýçli depginde özleşdirilýär. Gazyň eksport ugurlaryny artdyrmak, köp şahaly gaz geçiriji ulgamy döretmek maksady bilen anyk işler durmuşa geçirilýär.

Dünýä energetikasyndaky düzümleýin öňegidişlikleri nazara almak bilen, Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek, ýokary goşulan bahasy bolan gaz himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän täzeçil tehnologiýalara daýanýan döwrebap kärhanalary gurmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, köp ugurly esasda ösdürmek we ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler ministri jenap Jam Kamal Han we Koreýanyň gaz korporasiýasynyň prezidenti jenap Sang — Hun Li öz çykyşlarynda dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň eksportunyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdylar. Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşi, ilatyň sanynyň artmagy we milli ykdysadyýetleriň ýokary sarp edijiligi şertlerinde ekologiýa taýdan
arassa hasaplanylýan energiýa serişdelerine gyzyklanmalar yzygiderli artar.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda dünýäniň birnäçe sebitlerinde gysylan tebigy gazyň önümçilik möçberleriniň artýandygynyň göze ilýändigine garamazdan, Türkmenistandan turba geçirijiler arkaly ýangyç akymy durnukly we uzakmöhletleýin esasda ugradylar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply we sarp edijileriň isleglerine laýyk gelýär diýip, çykyş edenler bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, onuň “Beýik ýüpek gaz ýoly” ulgamyna goşulmagynyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri seljerildi.

Hytaýyň “CNPC International Türkmenisitan” milli nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory jenap Den Minmin türkmen hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki işiniň netijelerine ýokary baha berdi. Önüm paýlaşmak hakyndaky Şertnama laýyklykda, müňlerçe türkmen hünärmenleriniň işleýän CNPC kompaniýasy Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmeleriniň biri bolup durýan “Bagtyýarlyk” çägindäki ýatakda gözleg, abadanlaşdyryş we özleşdirmek işlerini alyp barýarlar.

“Türkmengaz” döwlet konserni bu ugruň işe girizilen döwründen başlap 110 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz ugratdy. CNPC kompaniýasynyň ugradan gazy bolsa 60 milliard kub metrden gowrak. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy mukdary şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna golaýlar. Onuň çäklerinde çägiň seýsmiki barlaglary ýerine ýetirildi, synag we ulanyş guýularynyň 115-si burawlandy, zerur önümçilik, ulag we durmuş düzümi döredildi. Bu ýerde gurlan gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýyllyk kuwwaty 13 milliard kub metre ýetirildi.

Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň baş geňeşçisi doktor Hose Aleksandro Karbalo Leýda foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklygynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hakynda maglumat berdi. Hususan-da, energiýa göterijileriň köpugurlylygyny üpjün etmek, olaryň geografiýasyny giňeltmek ýaly, energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär Munuň özi ählumumy energetika howpsuzlygynyň, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň durnuklylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Netijelilik, energiýa tygşytlaýyş, täzeçil tehnologiýalaryň we dolandyryşyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, onuň ekologiýa ugry we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy, halkara ýangyç akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy, energiýa göterijileriň deňhukukly we açyklyk esasynda halkara üçtaşyr geçelgeleriň üpjün edilmegi, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylmagy, energetika pudagyndaky maýa goýum işi, maýa goýumlaryň netijeliliginiň we olaryň goraglylygynyň ýokarlanmagy ýaly ugurlar möhüm hasaplanylýar.

Geljek hepdede Aşgabatda boljak Energetika Hartiýasynyň nobatdaky maslahatynda energetika ulgamynda bar bolan halkara hyzmatdaşlygyň gurallaryny kämilleşdirmegiň meseleleri we halkara hukugyň we döwletler hem-de halkara guramalar tarapyndan bu ugurda toplanan döwrebap tejribeleriň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda energetika serişdelerini üstaşyr geçirmegiň meseleleri boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamagyň meseleleri jikme-jik
ara alnyp maslahatlaşylar.

“Total”, “Dragon Oil”, “Burckhardt Compression”, “Eriell Group” kompaniýalarynyň, Gruziýanyň Döwlet nebitgaz korporasiýasynyň
wekilleri öz çykyşlaryny Türkmenistanyň gaz serişdelerini özleşdirmekde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bagyşladylar. Şunlukda, amatly maýa goýum ýagdaýy, salgydyň ýönekeýleşdirilen ulgamy we döwlet tarapyndan berilýän kepillikler aýratyn bellenildi. Olar täze ýag ýataklaryny abadanlaşdyrmakda, ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmakda, täze önümçilikleri döretmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda we gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Kongresiň ikinji güni birnäçe mowzuklaýyn maslahatlardan ybarat boldy. Olaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy işiň tertipnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ony 2018-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda “TAPI Pipeline Company Limited” we GFR-iň “ILF” kompaniýalarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde gurluşygy deslapky taslamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge gönükdirilen şertnama gol çekildi. Bu döwletleriň çäklerindäki tehniki işlere badalga berildi.

2017-nji ýylyň dowamynda gözleg işleri toplumyny, seýsmiki barlaglary aero surata düşürilişi, şol sanda TOPH-nyň oňyn ugruny kesgitlemek, gaz gysyjy beketleri we gaz geçirijiniň ugrunda beýleki goşmaça desgalary ýerleşdirmek, şeýle hem bu taslamanyň daşky gurşawa täsirini anyklamak işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Gaz geçirijiniň owgan we pakistan bölekleri üçin başlangyç tehniki taslamany, halkara synaglary, hususan-da, enjamlary, turbalary we beýleki önümleri satyn almak boýunça synaglary geçirmek, TOPH taslamasy boýunça anyk maýa goýum çözgüdini kabul etmek üçin zerur resminamalary taýýarlamak meýilleşdirildi.

“ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň Dolandyryjy
direktory jenap Stefan Býurkle bu babatdaky hasaplamalar boýunça anyk maglumatlary habar berdi. Täze energetika taslamasynyň durmuş ähmiýetliligine ünsi çekip, ol ýerli ilatyň goldaw bermeginiň bu iri energetika taslamasynyň üstünlikli çözülmeginiň baş şertidigini
nygtady.

Owganystanyň Prezidentiniň maliýe-ykdysady meseleler boýunça baş geňeşçisi jenap Ajmal Ahmadi öz gezeginde Owganystanyň TOPH taslamasyna möhüm milli taslama hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmenistanyň baý tebigy gaz ýataklaryny Günorta-Gündogar Aziýanyň energiýa göterijilere mätäçlik çekýän ýurtlary bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, ol bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegini şertlendirjekdigini aýtdy. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlarynyň döremek, degişli elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzüminiň emele
gelmek mümkinçiligi ýüze çykýar. Owganystanyň öz çäginden gazy üstaşyr geçirmeginden ägirt uly bähbit gazanjakdygy bellenmeli hakykatdyr.

“Inter State Gac Sistems” kompaniýasynyň baştutany jenap Mobin Saulat TOPH gurluşygyny dünýä energetikasynyň möhüm wakasy hökmünde atlandyrdy. Pakistanyň hökümetiniň bu taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ol halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine täzeçil çemeleşmeleri we milli Liderimiziň bu möhüm pudakda öňe sürýän işjeň başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aziýa Ösüş Bankynyň uly geňeşçisi jenap Çin Çun Fong we EY/AHB taslamalaýyn maliýeleşdiriş kompaniýasynyň ýolbaşçysy doktor Sebastýan Hofert won Weýs öz çykyşlarynda TOPH taslamasynyň gurluşygynyň başlanmagyny uly ösüş hökmünde atlandyrdylar. Aýratyn-da, olar gaz geçirijiniň gurluşygynyň maliýeleşdiriliş meseleleriniň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdiler. Singapurda, Londonda we Nýu-Ýorkda guralan ýörite işewürlik maslahatlarynyň dowamynda dünýäniň iri maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklaryň netijesi şeýle diýmäge esas döredýär. Halkara ösüş banklarynyň TOPH taslamasyna maýa goýumlaryň esasy çeşmeleri boljakdygy çaklanylýar. Olar karz boýunça ätiýaçlandyryş kepilliklerini hödürlärler. Mundan başga-da maliýe serişdeleriniň bir bölegini dünýäniň eksport-karzlaşdyryş agentlikleri we täjirçilik banklary bermäge taýýardyr.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy birleşmeleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyna maýa goýumlary gönükdirmegiň geljekki ugurlaryna bagyşlanan çykyşlary uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiýa gurnamalaryň gurluşygy meýilleşdirildi. Olar bu ýerde çykarylýan önümleriň diňe bir görnüşlerini artdyrmaga däl, eýsem olaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Olaryň hatarynda dizel ýangyjyny gidroarassalaýyşdan geçirýän gurnama, benzini ikinji gezek gidroarassalaýyşdan geçirýän, wodorod önümçiligi-desgalary we başga-da birnäçe desga bar.

Mundan başga-da “Türkmengaz” döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda benzol önümçiligini guramagyň tehniki we ykdysady taýdan maksada laýyklygy öwrenilýär. Ol dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan we gymmat bahasy bolan polistirol we kauçuk ýaly önümleri almak üçin çig mal hökmünde ulanmak maksady bilen amala aşyrylýar. Benzoly alýan gurnamanyň gurulmagy ýurdumyzyň nebithimiýaçylaryna Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän nebit önümçiligine doly geçmäge mümkinçilik berer. Nebit koksundan grafit we grafitirlenen önümleriň önümçiligi hem geljegi uly taslamalaryň biri bolup durýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni tebigy gazdan etan almak boýunça döwrebap tehnologiýany, şeýle hem metan almak we ony gaýtadan işlemek boýunça “MTO” tehnologiýasyny peýdalanmak arkaly polietileniň, polipropileniň, poliwinilhloridiň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi üçin birnäçe iri gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyny meýilleşdirýär.

Kongrese gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň daşky gurşawa täsiri barada birnäçe gezek aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigaty goramak döwlet syýasatynyň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, tebigy serişdeleriň netijeli we aýawly peýdalanylmagyna gönükdirilendigi bellenildi.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen köp sanly duşuşyklary geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň gaz senagatynyň, döwletimiziň bähbidine bolşy ýaly, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbidine kuwwatly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirjekdigi bellenildi.

Kongrese bagyşlanyp geçirilen pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar öz gezeginde dürli enjamlary, häzirki zaman gözleg tehnologiýalyryny, tebigy gazy we nebiti çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, olara
hyzmat etmegiň ugurlaryny hödürlemek babatda öz hyzmatlaryny öňe sürdüler.

VIII Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ählumumy energetika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary guramak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi we forumyň bu ulgamda bar bolan gatnaşyklaryň giňeldilmegini hem-de täze hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirjekdigi nygtaldy.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!