Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda
“Ak şäherim — Aşgabat” atly XVI Halkara köpugurly sergi açyldy, ony Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guraýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän iri möçberli ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş şähergurluşyk ulgamynda gazanylanlary hem-de ösüş mümkinçiliklerini giňden görkezmäge ýardam berýär we geçirilýän ýyllarynyň dowamynda hyzmatdaşlaryň duşuşmaklary we bu ugurda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryny peýdalanmakda hem işjeň tejribe alyşmagyň meýdançasyna öwrüldi. Sergä yzygiderli gatnaşýan köp sanly daşary ýurt kompaniýalary we milli kompaniýalar ykdysady taýdan okgunly ösýän hem-de maýa goýum ýagdaýy döredilen ýurdumyzda öz orunlaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly ykdysady-durmuş özgertmeleriniň aýdyň nyşanyna öwrülen türkmen paýtagtynyň keşbiniň hem-de şäher düzüminiň deňi-taýy bolmadyk derejede özgermegi, onuň iň täze taryhy we ösüş mümkinçilikleri “Ak şäherim Aşgabat” ýaly, giň möçberli gözden geçirilişiň guralmagyna mynasypdyr. Serginiň halkara derejesi türkmen paýtagtynyň parahatçylyk dörediji derejesine laýyk gelýär, bu dereje paýtagtymyzyň dünýä derejesinde iri merkez hökmünde hoşniýetli erk-islegi, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlyga gyzyklanýan taraplary özüne çekýär.

Şu ýyl daşary ýurtlaryň we ýerli kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň 100-den gowragy öz önümlerini görkezýär. Ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän halkara sergileriň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň hem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny bellemek gerek.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iberen Gutlagynda bu serginiň täze teklipleri öňe sürmek bilen Aşgabadyň senagat, medeni hem-de intellektual mümkinçiliklerini, ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatlyklaryny beýan edýän, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrýan meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Häzirki zaman wideoenjamlary bilen üpjün edilen giň zallarda, uly monitorlar oturdylan sergi diwarlyklarynda häzirki zamanyň uly şäheriniň –megapolisiň ähli şäher düzümleriniň: medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ähli ugurlary beýan edilýär.

Giňden ýaýbaňlandyrylan sergi şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerini we dürli pudaklaryň ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmeti we dynç alşy üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny görkezýär. Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleri, kompýuter we aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgit, ekologiýa meselelerini çözmekde gazanylýan üstünlikler, sportuň we syýahatçylygyň ösdürilişi, ylmy, hünärmenler, medeni mümkinçilikler, ýagny, baş şäheriň keşbini emele getirýän ähli ugurlar öz beýanyny tapdy.

Şäher hojalygynyň möhüm bölegi bolan ulag we aragatnaşyk pudagynyň edaralary hem öz bölümlerini guradylar. Onda paýtagtymyzy dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan halkara ýol we aragatnaşyk ulgamlary görkezilýär. Demir ýol ulaglary ministrligi we “Türkmenhowaýollary” gullugy öz bölümlerinde şu ugurlaryň geljekde nähili ösdüriljekdigi barada gürrüň berýär. Obasenagat toplumynyň, söwda we beýleki ugurlaryň bölümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergide Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleri aýratyn orun eýeleýär. Bu ýerde türkmen türgenleriniň halkara derejedäki dürli turnirlerde, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda gazanan ýüzlerçe atlyn, kümüş, bürünç baýraklary, kuboklar goýlupdyr.

Şeýle hem sportuň gyzykly pursatlaryny, türgenleriň ýeňşe bolan joşgunyny we sport puhuny alamatlandyrýan fotosuratlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

Wepaly atly alabaýyň Aziada-2017-niň şekili bolandygyny bellemeli. Ol Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň dürli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň hususy telekeçileri, oba hojalygynda, azyk senagatynda, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda, döwrebap senagat kärhanalarynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde iş alyp barýan haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Türkmenistanda olaryň hatary ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna berilýän maksatnamalaýyn goldawyň we yzygiderli höweslendirmeleriň anyk netijesidir.

Serginiň çäklerinde ajaýyp halylar, nepis zergärçilik önümleri, dürli öwüşginli ýüpek matalar we elde edilen nagyşlar, keşdeler, dürli görnüşdäki küýze önümleri, çeperçilik serişdeleri we sowgatlyklar görkezilýär.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bölüminde paýtagtymyzda ekilýän dürli gülleriň görnüşleri, şäher binagärliginiň ajaýyp keşbini emele getirýän gök zolaklaryň şekilleri has-da özüne çekiji bolupdyr.

Munuň özi paýtagtymyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny aýan etmäge mümkinçilik berýär. Bu ösüş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan şähergurluşyk konsepsiýasyna esaslanýar. Şäheriň amatly durmuş ulgamynyň döredilmegi, oýlanyşykly önümçilik ulgamlary we iri işewür işjeňligi bolan sebitara we halkara merkez hökmünde Aşgabadyň ösüşi aýratyn bellärliklidir.

Şähergurluşyk ulgamynda, senagat pudagynda, şeýle hem ýol-ulag düzüminde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan daşary ýurt guramalarynyň we kompaniýalarynyň bölümleriniň bardygyny bellemeli. Olaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşýan işewür hyzmatdaşlar bolup durýar.

Türkmenistanyň iri hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “Polimex”, “NATA”, “Gap Insaat” we beýleki kompaniýalar gurluşyk desgalarynyň görnüşlerini, şäher gurşawynda ýaşaýyş üçin oňyn şertleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly täzeçil işläp taýýarlamalary, tehnologiýalaryny we şäher hojalygyny dolandyrmagyň ugurlaryny, gurluşyk, suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, dynç alyş düzüminiň döredilmegi ýaly ugurlary görkezýärler.

Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlary we geljegi uly türkmen bazarynda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän düzümler hyzmatdaşlyk boýunça öz mümkinçiliklerini we tekliplerini hödürlediler. Häzirki döwürde dünýä gatnaşyklarynda ekologiýa taýdan arassa ulgamlara, şäher hojalygynda ulanylýan energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklary üçin zerur düzümleriň taslamalaryna, şäherde amatly gurşawy döretmäge ýardam berýän we tebigaty goramaga mynasyp goşant goşýan düzümlere, ählumumy ekologiýa meseleleriň oňyn çözgüdine aýratyn üns berilýär.

Bu gezekki gözden geçiriliş netijeli ylmy-tehniki we söwda-ykdysady ugurlar boýunça halkara, işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, yzygiderli tejribe we maglumat alşylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu sergi täze taslamalaryň we teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy üçin möhüm meýdança bolmak bilen daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň ýeten derejesi, Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim mümkinçilikleri, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredýär.

Sergi ertir öz işini dowam eder.

Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!