30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, toparyň ýakyn geljekde öňünde durýan möhüm wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Hazar meselesi boýunça guralýan gepleşiklere işjeň gatnaşmak bilen,Türkmenistan milli derejede Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar.


Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hökümetara toparynyň netijeli işi muňa şaýatlyk edýär. Bu topar degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Hazaryň türkmen kenarynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça Milli hereketiň meýilnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.
Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy. Bu maksatnamanyň çäklerinde 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) işlenip taýýarlanyldy we oňa gol çekildi.
Ol Hazar deňzinde tebigaty goramak işiniň hukuk esaslarynyň binýadyny emele getirdi. Bu konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda ähli Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň tassyklamagy bilen güýje girdi we şol döwürden bäri şol gün resmi ýagdaýda Hazaryň Halkara güni diýlip yglan edildi. BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky Maksatnamasynyň başlangyjy boýunça bu sene ähli Hazarýaka ýurtlary tarapyndan giňden bellenilýär.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň deňiz ulag düzüminiň ösdürilmegi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäginiň giňeldilmegi bilen Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem gojaman Hazaryň bioköpdürlüligini goramak hem-de saklamak boýunça geljekki çäreler toplumyny kesgitlediler.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!