04.05.2017. Aşgabatda geçirilen türkmen-palestina işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygyň häzirki mümkinçilikleri we geljekki ösüş ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň we Palestinanyň toparlarynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetleriň häzirki ýagdaýy hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Palestinanyň kompaniýalary geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.
Maslahatda bank ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Onuň netijeli işi bolsa islendik işewürçiligi ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolup durýar. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly milli ykdysadyýetimizi özgertmekde ýurdumyz häzirki döwürde dünýäde durnukly ýagdaýy bolan döwletleriň hataryna girýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni alyş çärelerinden we sagdyn durmuş ýörelgelerinden başlap, täzeçil tehnologiýalary çekmek hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler gurulýar. Lukmançylyk we şypahana-dynç alyş ugurly dürli edaralar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürlenilýän hyzmatlary boýunça dünýä görkezijilerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyrylýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri öz gezeginde Palestina Döwletine ýurdumyzda öndürilen we bäsdeşlige ukyply harytlary eksport etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri bilen Palestina Döwletiniň düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň meseleleri we hyzmatdaşlygyň möhum ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saýt: www.tdh.gov.tm
Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!