30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar türkmen nakyllaryndan ybarat bolan “Paýhas çeşmesi” kitabynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Neşiriň halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we ony ylmy taýdan öwrenmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr.
Birnäçe bölümden ybarat bolan täze neşirde nakyllar toparlara bölünip ýerleşdirilipdir. Kitapda halkymyzyň ruhy dünýäsi, ahlak gymmatlyklary, dünýägaraýşy we pelsepesi duýulýar.

Dabarada çykyş edenler häzirki döwürde ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmekde, şöhratly pederlerimiziň asylly dessurlaryna, gadymy ýörelgelerine söýgi döretmekde döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, munuň üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bu ýerde guralan çäre gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna kabul eden Ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyzyň paýhasyndan kemal tapan bu kitabyň baý medeni mirasy, halk döredijiligine we halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ruhy-ahlak gymmatlyklaryna goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydygy nygtalýar.

Material “turkmenistan.gov.tm" saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

HALKARA SERGISINE!!

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly ylmy maslahaty geçirilýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Awtoýollary» Döwlet konserni we türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär: «Türkmengurluşyk-2018» atly halkara sergisi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!