27.04.2017. Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Her ýyl geçirilýän pudak forumyna dünýäniň 30 döwletinden onlarça kompaniýany bir ýere jemledi.
Foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Sergi-ýarmarka gatnaşýanlaryň hatarynda atçylyk däpleri bilen şöhratlanýan Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Russiýa, Çehiýa, Ispaniýa, BAE, Argentina, Urugwaý, Italiýa, Ispaniýa ýaly döwletleriň bardygyny aýtmalydyrys. Atçylyk syýahaty we sporty Hytaýda, Daniýada, Awsriýada, Polşada, Latwiýada, Mongoliýada işjeň ösdürilýär. Olaryň arasynda Türkmenistan mynasyp orun eýeleýär. Sebäbi biziň ýurdumyz, şol sanda ahalteke atlarymyz häzirki wagtda dünýäniň atçylyk bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmegiň ugurlaryny salgy berýän, taryhy we häzirki zaman tejribeleri görkezýän hem-de halkara ylmy, işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerine bagyşalanan diwarlyklara uly orun berildi.
Esasanam türkmen pawilýonlary we olaryň milli äheňdäki bezegleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ajaýyp haly we el işleri, çeper senetçilik, türkmen suratkeşleriniň bedewleriň durmuşymyzdaky ornuny açýan eserleri we heýkeltaraşlyk işleri has özüneçejiki boldy.
Sergi meýdançasyndaky diwarlyklaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewlere bagyşlanan kitaplaryna mynasyp orun berildi. Olar sergä baranlarda uly gyzyklanma döretdi.
27.04.2017. «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar tejribe alyşdylar. Aşgabatda geçirilen bedewlere bagyşlanan maslahata Kanadadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Urugwaýdan, ABŞ-dan, Malaýziýadan, Litwadan, Ukrainadan, Gazagystandan, Estoniýadan, Özbegistandan atşynaslar, alym-ippologlar, taryhçylar, etnograflar we beýleki hünärmenler gatnaşdylar. Daşary ýurtly hünärmenler bilen birlikde türkmenistanly bilermenlerem maslahatyň işine gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Onda bu forumyň özara tejribe alyşmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde , täze ylmy barlaglary ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Soňra maslahata gatnaşyjylar öz işlerini seksiýalarda dowam etdirdiler. Maslahatyň seksiýalary öz işini Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginde dowam etdirdi.
Foruma gelen myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan beýleki dabaralara hem gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!