Şu ýylyň 9-11-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Habar berlişi ýaly, her ýyl geçirilýän sergä gatnaşmak üçin uly wekiliýet – maşyn gurluşyk, himiýa senagaty, senagat, oba we suw hojalyk pudaklary üçin enjamlary öndürýän hem-de söwda, bilim, gurluşyk ugurlarynda we beýleki ulgamlarda işleýän 100-den gowrak türk kompaniýasynyň wekilleri türkmen paýtagtyna geler.
Türkiýeli işewürlere diňe bir önümçilik kuwwatyny, iň täze tehnologiýalaryny hem-de öz kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge däl, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary – dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediler.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň ählisi we maýadarlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen şeýle sergileriň we işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Material “tdh.gov.tm" saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!